Sepleriň elýeterliligi

Gomoseksuallaryň ýörişine rus nowasy gatnaşar


Kiýew şäherinde geçirilen gomoseksual paradyndan bir pursat. Ukraina. 25-nji maý, 2013 ý.

Kiýew şäherinde geçirilen gomoseksual paradyndan bir pursat. Ukraina. 25-nji maý, 2013 ý.

Her ýylyň iýun aýynda Nýu-Ýork şäheriniň köçeleri dürli öwüşginli şaý-seplerdir bezeglere bürelýär.

Bularyň ählisi gomoseksuallaryň dabarasyna geçirilýän ýyllyk ýörişi - parady şöhlelendirýär. Şol gün bu jemgyýetiň wekilleri, tansçylar müňlerçe tomaşaçynyň öňünden ýöriş bilen geçýärler. Bu bezemenlik gizlinlige we çydamsyzlyga garşy “göz edip” gurnalýar.

Ýörişiň üsti bilen mälim ediljek bolunýan pikirler asly belarusly Paşa Zalutskiniň ykbaly bilen ulaşyp gidýär. 31 ýaşyndaky Zalutskiý 2000-nji ýyllaryň başlarynda “Green Card-a”, ýagny ABŞ-da ýaşamaga rugsat berýän ygtyýarnama eýe bolupdy.

Zalutksiý geçen ýylky geçirilen ýörişe gatnaşanda, şol ýerdäki saz bilen utgaşdyrylyp öňe sürlen pikirleriň oňa herekete geçmäge itergi berendigini belleýär.

Ilkinji gezek...

Paşa ozalky sowet döwletlerinden bolan beýleki gomoseksual egindeşleri bilen öz ýurtlarynda amal etmegi “mümkin bolmadyk” zady durmuşa geçirmeli diýen netijä gelendiklerini aýdýar.

Bir ýyl olar ilkinji gezek ýörişe gatnaşjak Russiýanyň we ozalky sowet döwletleriniň bilelikdäki ýöriş nowasyny taýýarlamak üçin ýeterlik serişdeleri toplajak bolup tagalla edýärler.

Zalutskiý şeýle gürrüň berýär: “Meniň Moskwadaky we Minskidäki gomoseksuallaryň klublaryna gatnan döwrüm başdan geçiren duýgularym henize çenli hem hakydamdan çykanok. Binalaryň golaýyndan geçýän mahalyň, sen özüňiň gomoseksualdygyňy äşgär etmejek bolýarsyň. Aslynda welin, sen gomoseksuallaryň üýşmeleňine barýarsyň. Men bu erksizlik, ýaşyrynlyk duýgulary barada gürrüň edýärin. Sen kimem bolsaň, jemgyýetde-de şol adamlygyňa galmalysyň. Men nowanyň üstüne kaşaň geýimde çykyp, tomaşaçylara elimi galgadyp, açyk, utanman ‘men gomoseksual’ diýip başarmagy göz öňünde tutýaryn”.

Zalutskiý gündizine terjimeçi bolup işleýär. Agşamlaryna bolsa sowet biçüwli gomoseksual üýşmeleňlerini gurnaýar.

Zalutskiý özüniň Amerikadaky tanyşlarynyň üsti bilen 30-njy iýunda geçiriljek ýörişe ýeterlik sandaky adamlary çekmegi umyt edinýär.

Gürrüňi gidýän nowanyň websýatynda ozalky SSSR-iň düzümine giren döwletlerdäki gomoseksuallar hem Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek ýörişe gatnaşmaga çagyrylýar.
Websaýtda haýyr-yhsan etmek isleýänlere hem mümkinçilik berilýär.

Zalutski proýektiň durmuşa geçmegi üçin 5 müňe golaý dollaryň gerek boljakdygyny aýdýar. Bu serişdeler hakyna tutma professional dizaýnerçileri öz içine almaýar. Şol bir wagtda, beýleki nowalardan tapawutlylykda, Zalutskiniň göz öňünde tutýan proýeketiniň uly maýadarlary ýok.

Emma, muňa garamazdan, Zalutski maksatlarynyň “erkinligi dabaralandyrmakdan ybaratdygyny” aýdýar.
XS
SM
MD
LG