Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “Siriýada howa zonasyny döretmek kyn”


Şenbe güni ABŞ-nyň prezident administrasiýasy Siriýada howa uçuşlarynyň gadagan zonasyny döretmekligiň kyn boljakdygyny we beýle şansyň örän pesdigini mälim etdi.

Bu barada eden çykyşynda prezidentiň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysynyň orunbasary Ben Rodes Siriýada howa uçuşlarynyň gadagan zonasyny döretmekligiň kyn, howply we uly çykdajyly boljakdygyny belledi.

Ol 2011-nji ýylda NATO-nyň Liwiýada şeýle howa zonasyny döredendigini ýatlamak bilen, Siriýada uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmekligiň has kyn boljakdygyny aýtdy.

Şu geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň hökümetiniň oppozision söweşijilere garşy himiki ýaraglary ulanandygyny görkezýän “ygtybarly subutnamalaryň” bardygyny aýdyp, oppozision söweşijilere ýarag goldawlaryny bermekçidigini mälim edipdi.

Emma Orsýet Birleşen Ştatlaryň delilleriniň ynandyryjy däldigini aýdyp, muňa garşy çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG