Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda iki etrap häkimligi döredildi


Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň düzüminde täze etraplaryň döredilmegi bilen baglanyşykly birnäçe karara gol çekdi.

Hususan-da, bu kararlardan birinde Aşgabat şäherinde Abadan we Ruhabat etraplarynyň häkimliklerini döretmeklik karar edilip, bu häkimlikleriň düzümleri tassyklanypdyr.

Şu kararlaryň esasynda-da, Ahal welaýatynyň Abadan şäher häkimliginiň işiniň ýatyrylýandygy aýdylýar.

Prezidentiň kabul eden bu täze kararlary ýakynda Aşgabat şäheriniň territoriýasyny giňeltmek barada kabul edilen karar bilen baglanyşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG