Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Rohani ses sanawynda iň öňde


Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijeleri aram garaýyşly ruhany Hassan Rohaniniň sesleriň sany boýunça öňde barýandygyny görkezýär.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, şenbe güni günortana çenli sesleriň 12 milliona golaýy sanalypdyr we şol sanalan sesleriň ýarsyndan sähel gowragynyň Hassan Rohanä berlendigi aýdylýar.

Maglumata görä, edil häzir sesleriň sany boýunça 16 prosent ses bilen ikinji orunda Tähranyň meri Mohammad Baker Kalibaf durýar.

Eýranyň häkimiýetleri anna güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ses bermäge hukukly 50 milliondan gowrak ilatyň 70 prosentden gowragynyň ses bermäge gatnaşandyklaryny aýdýarlar.

Anna günki saýlawlarda alty sany dalaşgär prezidentlik ugrunda özara bäsleşdi. Bu dalaşgärlerden hiç biriniň azyndan 50 prosent sese eýe bolmadyk halatynda, prezidentlik saýlawlary 21-nji iýunda iň köp ses alan iki dalaşgäriň arasynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG