Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Hassan Rohani prezident saýlandy


Prezidentlige dalaşgär Hassan Rohani (merkezde) anna güni saýlaw üçastogynda ses berenden soň, öz tarapdarlaryna yşarat edýär. Tähran, 14-nji iýun, 2013.
Prezidentlige dalaşgär Hassan Rohani (merkezde) anna güni saýlaw üçastogynda ses berenden soň, öz tarapdarlaryna yşarat edýär. Tähran, 14-nji iýun, 2013.
Şenbe güni Eýranyň içeri işler ministri anna günki prezidentlik saýlawlarynda 64 ýaşly Hassan Rohaniniň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Eýranyň içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najjar şenbe güni giçlik döwlet telewideniýesinde eden resmi beýanatynda Hassan Rohaniniň 18.6 million saýlawçynyň sesine, ýagny ähli sesleriň 50.68 prosentine eýe bolandygyny aýtdy.

Bu görkeziji ýeňiş üçin talap edilýän 50 prosent sesden sähel gowrak. Munuň özi prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi üçin indi zerurlygyň ýokdugyny aňladýar.

Wideo: Şenbe güni Eýranyn içeri işler ministri Mostafa Mohammad Najjar saýlawlaryň gutarnykly netijesini yglan etdi.
Eýran: Hassan Rohani ýeňiş gazandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:39 0:00

Resmi maglumata görä, Tähranyň meri Mohammad Baker Kalibaf sesleriň 16 prosentine golaýyna eýe bolup, ikinji netijäni görkezipdir.

Eýranyň içeri işler ministri 14-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge hukukly 50 milliondan gowrak ilatyň 36.7 millionynyň, ýagny 72.7 prosentiniň gatnaşandygyny aýtdy.

Anna günki saýlawlarda alty sany dalaşgär prezidentlik ugrunda özara bäsleşdi.

Hameneýi garaýşyny aýtmady

14-nji iýunda irden ilkinjileriň hatarynda ses bermäge gatnaşanlaryň arasynda Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi hem boldy. Öňüden garaşylyşy ýaly, ol özüniň kime ses berendigini mälim etmedi.

Ol: “Meniň kime ses berendigimi hiç kim, hatda meniň ýakyn dostlarym we dogan-garyndaşlarym-da bilmeýär” diýdi.

Emma käbir synçylar alty sany dalaşgäriň arasynda Aýatolla Ali Hameneýi tarapyndan goldanyljagynyň Eýranyň ýadro meselesi boýunça ýörite wekili Said Jalili boljakdygyny öňe sürüpdiler.

Said Jalili alty sany dalaşgäriň arasynda iň bir konserwatiwi hasaplanylýar. Ol özüniň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda-da Eýranyn ruhany lideriniň garaýyşlaryna we pozisiýasyna meňzeş saýlaw programmalary bilen çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG