Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bir gezek: Sen nirä barýaň?


Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy. 23-nji awgust, 2012 ý.

Predrag Koraksiç Koraksyň çeken karikaturasy. 23-nji awgust, 2012 ý.

Sen nirä barýaň?

SSSR döwri edara-kärhanalarda iş güni tamamlanandan soňra ýygnak, maslahat geçirmek ýoň bolan zatdy. Sagat 7-ä golaýlanda gelinleriň birnäçesi “Çagalar bagy sagat ýedä çenli işleýär. Ol ýerden çagamy almaly” diýip, ýygnakdan çykyp giderdi.

Kanunçylyga belet býurokrat ýolbaşçylar olara hiç zat diýip bilmezdi. Günlerde bir gün çagasy ýok bir gelin-de olara goşulyp, ýygnak geçýän jaydan çykyp ugraýar. Gonjuna gor guýlana dönen edara ýolbaşçysy:

- Pylanyýewa, aýak çek! Sen nirä barýaň? Durmuşa çykanyňa iki ýyl boldy, ýöne Çagalar bagyndan çagaňy alar ýaly, entek seň çagaň ýok ahyryn - diýýär. Ol gelin sähel salym aýak çekip:

- Geçirýän gerekmejek ýygnaklaryňyza gatnaşyp, gijäniň birwagty öýüme baryp ýörsem, hiç wagtam çagam bolmaz - diýip, ýygnakdan çykyp gidipdir.

Beterinden beteri bar

Biri adamlaryň uguny ýekeläp, karzyna pul alýan eken. Mümkinçiligi bolsa-da wada beren wagty bergisini üzmändir. “Ertir-ertir” bilen algydarlary aldap ýörenmişin. Onuň kezzaplyk edip, özüni aldap ýörşüne gahary gelip, sabyr käsesi dolan algydaryň biri pursat arap, ony ýalazy meýdanda ele salyp talaýar.

Gapjygyndaky puluny alany bilen kanagat etmän, egin-eşiginem sypyryp, çuw ýalaňaç halda el-aýagyny daňyp, bede küdesiniň üstüne oklap gidýär. Ertesi gün onuň üstünden baran adamlar:

- Beýle-de bir wagşylyk bolarmy? Endam-janyňy çybyn-çirkeý persala edipdir - diýipdir. Bergidar özüne näme üçin bu jezanyň berlendigini adamlardan gizläp, özüni Alla sygynýan päk, mömün adam hökmünde görkezip:

- Aý, muňa şükür edýän, ol ýol urup ýören talaňçy el-aýagymy daňyp, bede küdesini otlan bolsa näderdim?! Beterinden beteri bar - diýip, gürrüni başga akaba sapypdyr. Ol özüni halas edenlerIň beren egin-eşigi bilen kanagat etmän, öwrenen endigini gaýtalapdyr:

-- Talaňçynyň alan puly amanat puldy. Gaýrat ediň, kömek ediň! Maňa karzyna pul beriň! Ony eýesine gowşuraýyn, tizara siz bilen üzlüşerin - diýip, ant içip, awy ýalap, esli puly “karzyna” alyp, obadan garasyny saýlapdyr.

Ejeňe aýdaryn

Bir çaga:

- Kaka, jalbar alyp bersene! - diýip, haýyş edipdir. Kakasy:

- Mende pul ýok, pul ejeňde, ony ejeňe aýt - diýipdir. Çaga:

- Onda mobil telefon alyp beräý, klasdaşlarymyň ählisinde bar - diýipdir. Kakasy:

- Ony-da ejeňden haýyş et, pul ejeňde - diýipdir. Lapykeç bolan çaga:

- Näme haýyş etsem “Pul ejeňde” diýip dursyň. Sen erkek adam ahyryn! Öýüň hojaýyny sen bolmaly - diýip, gatyrganypdyr. Kakasy:

- Ýürege düşme, bolmasa “Maňa azar berýär” diýip, ejeňe aýdaryn - diýipdir. Çaga aljyraňňy hala düşüp:

- Bolýar-how, diýmedigim - diyip, kakasynyň ýanyndan gitmek bilen bolupdyr.

Toplan, taraşlan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG