Sepleriň elýeterliligi

Kuettada 11 student gyz öldürildi


Şenbe güni Pakistanyň Kuetta şäherindäki uniwersitetiň golaýynda amala aşyrylan bomba partlamasynda 11 sany student gyz wakanyň pidasy bolda we 19 student ýaralandy.

Bu wakanyň yzy bilen ýaralananlaryň alnyp barlan keselhanasynda hem ýene bir partlamanyň amala aşyrylandygy we bu keselhana ýaragly hüjüm edilendigi habar berilýär.

Keselhana edilen ýaragly hüjümde Kuette şäher häkiminiň orunbasary Abdul Mansur Kahar hem ölüpdir. Ýöne bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.
XS
SM
MD
LG