Sepleriň elýeterliligi

“Google” şar-interneti synag edýär


Şenbe güni “Google” kompaniýasy interneti dünýäniň dürli künjeklerine elýeterli etmek maksady bilen howa şarlary arkaly internet signallaryny ýaýratmaklygy synag edip başlady.

Şu maksat bilen şu gün “Google” kompaniýasynyň alymlary Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde içine gel gazy goýberilen 30 töweregi şary asmana uçurdylar.

20 kilometr töweregi belentlige göterilmäge ukyply bu şarlaryň her birine internet signallaryny tutup Ýere ýollaýan ýörite antennalar berkidildi.

“Google” kompaniýasy geljekde internetiň elýeterli bolmadyk regionlaryny internet signallary bilen üpjün etjek müňlerçe şary asmana uçurmaklygy planlaşdyrýandygyny aýdýar.

Şu günki gün dünýä ilatynyň üçden iki bölegi, ýagny 4 milliarddan gowrak ilat internetden peýdalanyp bilmeýär.
XS
SM
MD
LG