Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede protestler dowam etdi


Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Gezi” parkynda demonstrasiýa geçirýän protestçiler premýer-ministr Rejep Taýýyp Erdoganyň beren wadalaryna garamazdan, anna güni agşam bu parkdaky öz demonstrasiýalaryny dowam etdirdiler.

Anna güni Rejep Taýýyp Erdogan Stambuldaky bu parkyň territoriýasynda göz öňünde tutulýan gurluşyk işleriniň ýatyryljakdygyny aýdyp, protestçilerden bu parky terk etmekligi haýyş etdi.

Emma şenbe güni protestçiler ýörite beýanat ýaýradyp, ýurtda dowam edýän “adalatsyzlyklara we eden-etdiliklere” garşy öz protestlerini dowam etdirmekçidiklerini mälim etdiler.

Öten agşam paýtagt Ankarada parlamentiň binasynyň golaýyna ýygnanan müňlerçe protestçini dargatmak üçin polisiýa güýçleri suw çüwdürimlerini we göz ýaşardyjy gazlary ulandylar.

Türkiýede indi iki hepde bäri dowam edýän bu protest demonstrasiýalary soňky onýyllyklarda bu ýurtdaky iň bir uly gerimli demonstrasiýalar hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG