Sepleriň elýeterliligi

Rozybaý: “Stambulda türkmenler hem ejir çekdi”


Stambul şäheriniň Taksim meýdançasynda polisiýa protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulanýar. Stambul, 12-nji iýun, 2013.

Stambul şäheriniň Taksim meýdançasynda polisiýa protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary ulanýar. Stambul, 12-nji iýun, 2013.

Türkiýäniň Stambul şäherinde başlan we iki hepde bäri dowam edýän protestler barada gowşan soňky habarlar howpsuzlyk güýçleriniň Stambulyň “Gezi” parkyndan protestçileri gysyp çykarmaklary bilen bagly boldy. Uzak dowam eden bu protestler ýerli ýaşaýjylarda, şol sanda Stambulda ýaşaýan we işleýän käbir türkmenistanlylarda-da ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Azatlyk Radiosy şu wakalara şaýat bolan türkmenistanly zähmet migranty Rozybaý bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Rozybaý, Stambulda protestleriň möwjän ýerlerinde türkmenistanly zähmet migrantlary hem az dal bolmaly. Bu wakalar olara nähili täsirini ýetirýär?

Rozybaý: Bilşiňiz ýaly, Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän protestler bilen uly başagaýlyk boldy. Şu wagta çenli öz durmuşymda görüp-eşiden iň uly ýörişlerime janly şaýat boldum. Protestler sebäpli bolup duran gapma-garşylyklar işläp ýören türkmenistanly zähmet migrantlaryna hem zyýan ýetirdi.

Stambul şäheriniň Taksim meýdançasynda dikeldilen barrikadalar. Stambul, 12-nji iýun, 2013.

Stambul şäheriniň Taksim meýdançasynda dikeldilen barrikadalar. Stambul, 12-nji iýun, 2013.

Taksim meýdançasynda protestçiler bilen polisiň arasynda çaknyşyklar ýüze çykan badyna şol ýerde işläp ýören Lebap welaýatyndan bolan üç türkmen raýatyna uly zeper ýetdi. Şu wagt men olaryň ýagdaýyny öz gözüm bilen görüp gaýtdym. Olaryň ikisi är-aýal, üçünji kişi bolsa şol gelniň gyz jigisi.

Polis protestçilere garşy göz ýaşardýan bomba ulanan mahaly şol ýerde işläp duran ýaňky türkmen gyzyň bir gözüne uly zeper ýetipdir. Men ol gyzyň ýanyna baryp, ýagdaýyny öz gözüm bilen gördüm. Ol zähmet migranty ilkinji medisina tiz kömegini öz işleýän ýeriniň hojaýynynyň goldawy bilen alypdyr.

Azatlyk Radiosy: Gözüne zeper ýeten türkmenistanly gyz ol ýerde kanuny ýagdaýda işleýär ekenmi?

Rozybaý: Yok, ol Stambulda bikanun ýagdaýda işläp ýören türkmenistanly zähmet migrantlarynyň biri. Kanuny ýagdaýda işleýän bolanlygynda, ol ildeşimiz keselhana äkidilip, oňa zerur bolan kömekler edilerdi. Gynansagam, bikanun işleýändigi üçin oňa gerekli kömek edilip bilinmändir.

Ildeşimize işleýän ýeriniň hojaýyny bir tanşynyň üsti bilen ýüzleýje kömek edipdir. Sebäbi bikanun işleýänler keselhana äkidilen mahaly, kömek edilmeýär-de, gaýta derrew polise habar berilýär. Ol gyzdan başga hälki är-aýal maşgalanyň erkek adamsynyň hem ýeňsesine bir polis işgäri taýak bilen urupdyr. Taýagyň degen ýerini men öz gözüm bilen gördüm. Şeýlelikde onuň hem saglygyna biraz zeper ýetipdir.

Şeýle-de bolsa, häzir ol erkek kişiniň saglyk ýagdaýy ganymat. Emma ýigrimi bäş ýaşyndaky beýleki türkmen gyzynyň çep gözi gaty agyr ýagdaýda. Tanyş lukmanymyň aýtmagyna görä, ol türkmen gyzy gözüne gowy seretdirmese we yzgiderli barladyp durmasa, onuň bir gözüni ýitirmegi-de mümkin.

Azatlyk Radiosy: Olaryň türkmenistanly ildeşi hökmünde siz olary soramaga baranyňyzda, olar muňa nähili reaksiýa bildirdiler?

Rozybaý: Olar meni görüp, meniň soramaga gelenimi bilip, muňa gaty begendiler. Beýleki tarapdan bolsa, şeýle ýagdaýa düşendiklerine gynanýarlar. Menem olaryň ýagdaýyna gynandym. Ynha, Stambuldaky protestler sebäpli öz ýurdumyzyň raýatlary şeýle ýagdaýda jebir çekip ýörler.

Taksim meýdançasynda polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw çüwdürimlerini we göz ýaşardyjy gazlary ulanýar. Stambul, 12-nji iýun, 2013.

Taksim meýdançasynda polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw çüwdürimlerini we göz ýaşardyjy gazlary ulanýar. Stambul, 12-nji iýun, 2013.

Türkmenleriň başga ýurtda şeýle ýagdaýlary başdan geçirip ýörmegi hemmeler üçin bir gynançly ýagdaý. Ol raýatlarymyz protestlere gatnaşmadygam bolsalar, şol dartgynly wakalaryň ýüze çykan ýerinde işläp durandyklary sebäpli ejir çeken. protestçiler bilen polisiň arasynda çaknyşyk başlanan mahaly olaryň işleýän ýeriniň eýesi derrew dükany ýapyp, öýli-öýüne gaýtmaly edipdir. Ildeşlerimiz iş ýerlerinden çykyp, ýolda gidip barýarkalar, ýaňky ýaly ýagdaýa duçar bolupdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Rozybaý, siziň işleýän ýeriňizde, ýagny Stambulyň Beşiktaş diýen ýerinde protestçiler Türkiýäniň premýer-ministriniň şol ýerdäki ofisini basyp aljak bolanlarynda, gaty uly çaknyşyklara şaýat boldum diýdiňiz. Beşiktaşda bolan şol çaknyşyklarda ol ýerde işläp ýören türkmenistanlylar nähilidir bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmadylarmy?

Rozybaý: Beşiktaşda Türkiýäniň premýer-ministriniň Dolmabahçe ofisi ýerleşýär. Protestçiler şol ofise hüjüm etdiler. Şol ýerde bolan çaknyşyklarda protestçiler polis güýçlerinden üstün çykdy. Beşikdaşda protestleriň bolup duran ýerlerinde işläp ýören türkmenlerimiz hem Taksimdäkiler ýaly göz ýaşardýan bombanyň agyr täsiri astynda galdylar. Hemmesi polis işgärleriniň ulanan gazlary sebäpli demikdiler. Penjirelerini ýapanlara hem gaz uly zeper ýetiripdir. Beşiktaşda nätjeklerini bilmän, uzak gije dik aýak üstünde durup, ertire çykan türkmen raýatlarymyz hem boldy.

Azatlyk Radiosy: Rozybaý, Beşikdaşdaky dartgynlylyga syn eden mahalyňyz şol ýerde sizde uly täsir galdyran bir hadysa barada-da gürrüň etdiňiz, şol barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Rozybaý: Beşikdaşdaky gozgalaňda ünsümi çeken ýagdaý şeýle boldy. Protestçiler töwerekde duran iş tehnikalaryny ele geçirip, şolary polisiň üstüne sürdüler. Polis güýçleri halky saklap bilmediler we yza çekilmäge mejbur boldular. Protestçileri hiç kim we hiç zat saklap bilmedi.

Zynjyrly iş tehnikalary ele geçiren protestçiler göni premýer-ministriň ofisine tarap sürüp başladylar. Dolmabahçe ofisiniň diwaryna ýetmäne takmynan ýigrimi-otuz metr galanda, şeýle süýşüp gelýän halkyň önüne ol ýerdäki metjidiň ak eşikli ymamy çykyp, özüne türk baýdagyny orap, zynjyrly iş tehnikalarynyň öňüne çykyp “Eger döwletimizi, halkymyzy, ganymyzy, dinimizi sylaýan bolsaňyz, saklanyň adamlar, gan dökmäliň!” diýen çagyryşlary edip, protestçileri saklady. Şol ýerde üns beren zadym ymam şonda kanunymyzy diýmedi. Ynha, Beşiktaşda bolan şu ýagdaý mende uly täsir galdyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG