Sepleriň elýeterliligi

Stambul: Protestçiler dargadyldy


Şenbe güni giçlik Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri Stambul şäherindäki “Gezi” parkyndan protestçileri güýç bilen gysyp çykardylar.

Bu wakada howpsuzlyk güýçleri protestçilere garşy suw çüwdürimlerini, demikdiriji we göz ýaşardyjy gazlary ulandylar. Wakada onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Iki hepde mundan ozal esasy protest çykyşlary Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Gezi” parkynda göz öňünde tutulýan gurluşyklara garşy protestler görnüşinde başlanypdy.

Emma soňra bu protest çykyşlary ýurduň dürli şäherlerinde Türkiýäniň häzirki hökümetine garşy köpçülikleýin çykyşlara öwrüldi.

Türkiýäniň milli profsoýuz guramalary ýekşenbe güni ýurduň dürli şäherlerinde giň gerimde protest çykyşlarynyň gurnalmagyna çagyryş etdiler.
XS
SM
MD
LG