Sepleriň elýeterliligi

Rohani: “Aram syýasat üstün çykdy”


Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edilen Hassan Rohani öz ýeňşini “aram syýasatyň ekstremizmden üstün çykmasy” diýip häsiýetlendirdi.

Şenbe güni giçlik Eýranyň içeri işler ministriniň saýlawlaryň resmi netijesini yglan etmeginiň yzy bilen, 64 ýaşly Hassan Rohanini goldaýjylar Tähranyň köçelerinde onuň ýeňşini uly şowhun we şagalaň bilen garşy aldylar.

Aram reformaçy hasaplanylýan Hassan Rohani özüniň bäş sany konserwator garşydaşyndan uly tapawut bilen öňe saýlanyp, sesleriň 50.68 prosentine eýe boldy we saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy.

Onuň ýeňşiniň yzy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly krizisi diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin özüniň Tähran bilen göni gepleşiklere-de taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG