Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oweçkin NHL-iň iň ökde oýunçysy


Şenbe güni Amerikanyň Milli Hokkeý Ligasy, ýagny NHL orsýetli hokkeýçi Aleksandr Oweçkini “ýylyň iň ökde oýunçysy” diýip yglan etdi.

Munuň özi Aleksandr Oweçkiniň şeýle titula üçülenji gezek eýe bolmasydyr. Mundan ozal ol 2008-nji we 2009-njy ýyllarda-da NHL-iň “iň ökde oýunçysy” diýen titullara eýe bolupdy.

Bu gezek “Washington Capitals” komandasynyň kapitany Aleksandr Oweçkiniň gazanan baly “Pittsburg Penguins” komandasynyň hüjümçisi Sidneý Krosbiniň gazanan balyndan sähel artyk geldi.

27 ýaşly Oweçkin 2013-nji ýylyň hokkeý möwsüminde 32 gol geçirdi.
XS
SM
MD
LG