Sepleriň elýeterliligi

Kuweýt: Sud parlamenti dargatdy


Ýekşenbe güni Kuweýtiň Konstitusion sudy ýurduň parlamentini dargadyp, täze saýlawlaryň geçirilmelidigi barada karar çykardy.

Şol bir wagtyň özünde-de, sud Kuweýtiň emiriniň ýurduň saýlawlar baradaky kanunyna girizen üýtgetmelerine garşy oppozision toparlaryň eden şikaýatlaryny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

Kuweýtiň oppozision toparlary saýlawlar baradaky kanuna girizilen üýtgetmeleriň ýurduň dolandyryjy emir maşgalasynyň bähbidini araýandygyny we bu mesele barada halka sala salynmandygyny aýdyp, bu üýtgetmelere garşy çykyş edýärler.
XS
SM
MD
LG