Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Kameron gepleşik geçirýär


Ýekşenbe güni Londona sapar edýän Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron bilen gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Bu gepleşiklerde esasan Siriýadaky konfliktler bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Siriýa bilen bagly meselelerde Orsýet bilen Britaniýa gapma-garşylykly pozisiýalara eýerip gelýärler. Britaniýa Siriýadaky oppozision söweşijileri ýakyndan goldaýar we olaryň ýarag bilen üpjün edilmegine aýak direýär.

Bu wakanyň öňýany Amerikanyň Birleşen Ştatlary Siriýanyň serhetlerine golaý ýerde Iordaniýa bilen bilelikde harby türgenleşik geçirmekçidigini we türgenleşiklerden soň özüniň “Patriot” kysymly raketalarynyň hem-de “F-16” kysymly söweş uçarlarynyň bir toparyny Iordanyň territoriýasynda galdyrmakçydygyny mälim etdi.

Orsýet bu harby tehnikalaryň Siriýada uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmek üçin ulanylmagynyň mümkindigini aýdyp, muňa alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG