Sepleriň elýeterliligi

Hassan Rohani: “Aram syýasat üstün çykdy”


Hassan Rohanini goldaýjylar Tähranyň köçelerinde onuň ýeňşini uly şowhun we şagalaň bilen garşy alýarlar. Tähran, 15-nji iýun, 2013.

Hassan Rohanini goldaýjylar Tähranyň köçelerinde onuň ýeňşini uly şowhun we şagalaň bilen garşy alýarlar. Tähran, 15-nji iýun, 2013.

Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edilen Hassan Rohani öz ýeňşini “aram syýasatyň ekstremizmden üstün çykmasy” diýip häsiýetlendirdi.

Şenbe güni giçlik Eýranyň içeri işler ministriniň prezidentlik saýlawlaryň resmi netijesini yglan etmeginiň yzy bilen, Hassan Rohanini goldaýjylar Tähranyň köçelerinde onuň ýeňşini uly şowhun we şagalaň bilen garşy aldylar.

64 ýaşly Hassan Rohani aram syýasata eýerýän ruhany hasaplanylýar. Ol mundan ozal Eýranyň ýadro meselesi boýunça ýörite araçyl wekili hökmünde iş alyp barýardy. Ol anna günki saýlawlarda Eýranyň reformaçy güýçleri tarapyndan uly goldaw aldy.

Prezidentlik saýlawlarynda Hassan Rohani özüniň bäş sany konserwator garşydaşyndan uly tapawut bilen öňe saýlanyp, sesleriň 50.7 prosentine eýe boldy we saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy.

Öz ýeňşiniň yzýany eden ilkinji çykyşlarynda Hassan Rohani dünýä döwletlerini Eýrana hormat goýmaklyga we onuň hukuklaryny ykrar etmeklige çagyrdy.

Eýranyň ähli möhüm meselelerinde iň soňky çözüji roly oýnaýan Baş ruhany lider Aýatollah Ali Hameneýi şenbe güni Hassan Rohanini ýeňşi bilen gutlady. Rohani prezidentlik wezipesine resmi ýagdaýda şu ýylyň awgustynda girişer.

Günbataryň seresap reaksiýasy

Günbatar ýurtlar Hassan Rohaniniň ýeňşine birneme seresaplylyk bilen reaksiýa bildirdiler. Birleşen Ştatlar Eýrandaky saýlawlaryň netijesine “hormat goýýandygyny” bellemek bilen, Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly krizisi diplomatik ýollar arkaly çözmek üçin özüniň Tähran bilen göni gepleşiklere-de taýýardygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton hem ýadro meselesi bilen bagly dawalaryň çözülmegi ugrunda Rohaniniň hökümeti bilen “doly hyzmatdaşlyklara” taýýardygyny nygtady.

Emma, beýleki tarapdan, Eýranyň esasy garşydaşy hasaplanylýan Ysraýyl halkara jemgyýetçiligini ýadro meselesi boýunça Tährana görkezilýän basyşlary gowşatmazlyga çagyrdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu: “Eýrana öz hereketine laýyklykda baha berler. Eger Eýran öz ýadro ýarag programmasyny ösdürmeklige aýak direse, onda munuň netijesi-de oňa aýdyň bolmalydyr, ýagny beýle iş ol ýa-da beýleki bir usul arkaly togtadylar” diýip nygtady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz gezeginde Hassan Rohanini ýeňşi bilen gutlap, ony Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmeklige çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG