Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Harby aeroport nyşana alyndy


Ýekşenbe güni giçlik Siriýanyň paýtagty Damaskdaky harby howa menziliniň golaýynda uly partlama boldy.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi we aktiwistler bu ulag partlamasynyň Mezze harby aeroportynyň golaýyndaky harby barlag nokadynda bolup geçendigini mälim etdiler.

Döwlet eýeçiligindäki al-Ihbariýa telewideniýesi partlamada Mezze harby aeroportynyň nyşana alynandygyny habar berdi.

Aktiwistler, partlamadan soň Assadyň güýçleriniň aeroporta gidýän ýoly ýapandygyny aýdýarlar. Partlamada adam ýitgisi bolmady.

Mezze Assadyň maşgalasynyň ýörite aeroportydyr. Ýöne Siriýada konfliktler başlaly bäri bu aeroport paýtagt Damaskyň etegindäki Sünni musulman söweşijileriniň ýaşaýan territoriýalaryny nyşana almaga niýetlenen artilleriýa we raketa bazasy hökmünde ulanylýar.
XS
SM
MD
LG