Sepleriň elýeterliligi

Wietnamda blogger tussag edildi


Wietnamyň polisiýasy internet bloggerini kommunist hökümeti barada “ýalňyş we töhmetçilikli” maglumatlary ýaýratmakda aýyplap, tussag etdi. Analitikler muny hökümete garşy pikirdäki adamlara bolan basyşyň artmagy diýip häsiýetlendirýärler.

Duşenbe güni Wietnamyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiň websahypasynda ýaýradylan maglumatda, blogger Dinh Nhat Uýyň şenbe güni ýurduň günortasyndaky Long An welaýatynyň polisiýasyna äkidilendigi aýdylýar.

Dinh Nhat Uý “demokratik azatlygy betniýetli ulanmakda” aýyplanýar. Bu aýyplama takyklaşan halatynda blogger ýedi ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Şu ýylyň dowamynda häzire çenli 38 sany blogger ýa-da demokratiýa aktiwisti tussag edildi. Bu tutuş 2012-nji ýylda tussag edilenleriň sanyna golaýdyr.

Daşary ýurt hökümetleri bu tussag edilmeleri tankyt edip, aktiwistleriň boşadylmagyna çagyryş etdiler.

5-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň demokratiýa boýunça ilçisi Daniel Bear Kongresde eden çykyşynda, Wietnamyň bloggerlere edýän basyşyny “ençeme ýyl bäri dowam edýän tendensiýanyň has hem erbetleşmegi” diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG