Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

15-nji gatdan gaçan aman galdy


Täze Zelandiýada binanyň 15-nji gatyndan aşak gaçyp, aman galan näsagyň ýagdaýy gowulaşýar.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, 20 ýaşly adam öýde gulply galany sebäpli ýaşaýyş jaýynyň daşyndan dyrmaşyp aşak düşmäge synanyşypdyr.

Näsagyň şahsyýetiniň Tom Stilweldigi mälim edildi. Maglumatlara görä, ol britaniýaly bolup, Täze Zelandiýa zähmet dynç alyşyna gelipdir.

Ilki başda Tom Stilweliň ýagdaýynyň agyrdygy mälim edilipdi. Ýöne duşenbe güni berlen maglumata görä, onuň häzirki ýagdaýy kanagatlanarlydyr.

Stilweliň biliniň we boýnunyň döwülendigi aýdylyp, şeýle-de bilegine we içki organlaryna zeper ýetendiginden howatyrlanylýar.
XS
SM
MD
LG