Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanly çagalar medreseden tapyldy


Täjigistanyň polisiýasy Duşanbeniň golaýyndaky iki ýerasty medresesinde onlarça ýiten çagany tapandygyny habar berýär.

Duşenbe güni Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň habar bermegine görä, derňewçileriň bäş ýaşly çagany alyp gaçmakda aýyplanylýan adamy sorag etmegi netijesinde yslamçy dini mekdepleriň üsti açylypdyr.

Täjigistanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, medresedäki çagalaryň aglabasy garyp maşgaladan gelip çykyp, olaryň hiç biriniň ene-atasy çagalarynyň alnyp gaçylandygyny polisiýa habar etmändir.
XS
SM
MD
LG