Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çölleşmä garşy göreşilýär, emma netije az


Garagum çölüniň içindäki Ýerbent obasy
Garagum çölüniň içindäki Ýerbent obasy
BMG 2006-njy ýylda çölleşmä garşy göreş boýunça on ýyllyk proýekte başlady.

Emma BMG-niň Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşiň Bütindünýä gününiň belleýän pursatynda bu proýektden çykan netije az görünýär.

Birleşen Milletler guramasy çölleşme problemasy barada pikir edende, Merkezi Aziýa hakykatdanam üns berilmeli ýerleriň biri bolup durýar.

Bu sebit ullakan çölleriň mesgeni bolup, Ýer togalagynyň iň bir gurak klimatly ýerleriniň biri we soňky onýyllyklarda, ozalky kyn şertleriniň üstesine, adam eli bilen döredilen we barha artýan basyşlara hem sezewar boldy.

1991-njy ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri çölleşme görnetin ýokarlandy we Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda oba hojalygyndan alynýan hasylyň derejesiniň 30 prosent aşak gaçmagyna sebäp boldy.

Käbir hasaplamalara görä, Türkmenistanyň territoriýasynyň 70 prosent çemesi çölleşen bolsa, Özbegistanyň ýeriniň 50 prosent çemesi şorlaşan hasaplanýar.

Şundan çen tutulsa, BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň 2006-njy ýylda bu bäş ýurtda, halkara donorlaryny çekmek bilen, sebitiň çölleşmeginiň öňüni almaga gönükdirilen 10 ýyllyk tutumly inisiatiwa başlamagy örän göwy pikir bolup görünýär. Dogrusy, Merkezi Aziýa Ýer menežmenti inisiatiwasy konwensiýasy (CACILM) başlananda, ondan edilen tama uludy.

Fotosergi: Ýerbent obasy


Guramaçylyk meselesi

Aziýa ösüş bankynyň ýolbaşçylygyndaky programma 1.3 milliard amerikan dollary möçberindäki serişde esasynda, ozaly öri meýdanlaryna, tokaýlara we jeňňellere esewan edilmegini, biologiki dürlüligi gorap saklamagy, suwarymly oba hojalyk ýerleriniň şorlaşmagynyň öňüni almagy maksat edinýärdi.

Emma ýedi ýyla golaý wagt geçip, BMG-niň şu ýyl, 17-nji iýunda çölleşmä we gurakçylyga garşy Bütindünýä gününi belleýändigine garamazdan, ekologlar bu ugurda gazanylan netijeleriň biraz lapykeçlik döredýändigini aýdýarlar.
Aral sebitindäki obalaryň biriniň ýaşaýjysy guýudan bedreli suw getirýär.
Aral sebitindäki obalaryň biriniň ýaşaýjysy guýudan bedreli suw getirýär.

Tankytçylar maliýeleşdirme prognozlarynyň çakdanaşa umytly bolandygyny, şeýle-de bu ýerde bähbit görjekleriň arasyndaky utgaşdyrmanyň ýeterlik bolmandygyny aýdýarlar. Mundanam başga, 2010-njy ýylda Aziýa ösüş banky bu programmadan çykaly bäri, bu ýerde hakykatda merkezi dolandyryşyň bolmandygy aýdylýar.

Otto Simonet Ženewadaky “Zoý” tebigat toparynyň direktory. Ol bu programmanyň esasy donorlarynyň biri bolan Şweýsar hökümetiniň talaby esasynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýer menežmenti inisiatiwasynyň işine syn eden ekspertleriň biri. Ol Azatlyk Radiosyna öz baha beren döwründe bu iş üçin garaşylýan başlangyç serişdäniň diňe ondan biri çemesiniň bölünip berlendigini aýtdy.

Serişde ýetmezçiligi

Simonet bu programmanyň şowsuzlygynyň diňe serişde ýetmezçiligine däl, eýsem ýerli edaralaradaky hroniki problemalara, ýerli edaralaryň işgärlerine aýlyklaryň wagtly-wagtynda berilmezligi ýaly zatlara hem gelip direýändigini aýdýar. Ýöne ol bu programmanyň käbir oňyn netijeleriniň hem bolandygyny, aýdaly, daýhanlara durnukly usullary öwretmekde belli bir iş bitirendigini belleýär.

Jamal Annagylyjowa BMG-niň Çölleşmä garşy göreş konwensiýasynyň Ýewropadaky programma ofiseri bolup, bu ýerde ýerli kanunçylygy gowulandyrmakda käbir üstünlikleriň hem gazanylandygyny öňe sürýär.

"Merkezi Aziýa Ýer menežmenti inisiatiwasy konwensiýasynyň 10 çemesi milli proekti bardy. Indiwidual proektler hökmünde, men olar aramdan üstünliklä çenli diýip hasap edýärin, sebäbi olar kanunçylyk bilen işlediler. Olar her ýurtdaky kanunçylyga örän gowy täsir ýetirdiler. Köplenç olar öri meýdanlary babatdaky kanunçlykdy, tokaý kanunçylygydy" diýip, Annagylyjowa aýtdy.
XS
SM
MD
LG