Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Greçuhin: Goşa raýatlaryň pasportly boljagy begendirýär


Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy, Aşgabat, 10-njy iýun, 2013.
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy, Aşgabat, 10-njy iýun, 2013.
Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugy 17-nji iýundan başlap, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylara täze biometrik pasportlary berip başlar. Bu barada DIM- geçen hepdäniň aýagynda resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda-da bu pasportlaryň diňe 2003-nji ýyla çenli iki pasport alan adamlara beriljekdigi, şeýle-de täze türkmen pasportyny almak üçin raýtlaryň Türkmenistanda propiskaly bolmalydygy barada-da aýdylýar. Bu karar goşa raýatlylyk problemasyny näderejede çözüp biler?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň we Orsýetiň raýaty, türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen bu ugurdan söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň goşa raýatlykly adamlara türkmen pasportlaryny bermegi baradaky habary siz nähili kabul etdiňiz?

Ýewgeniý Greçuhin: Elbetde, men bu täzeligi pozitiw kabul etdim, ýöne men meseläniň hut şeýle çözüljegine şübhelenmeýärdim. Men taraplaryň arasynda barlyşyga gelnip, raýatlar üçin kadaly bir karara gelinjegine köpden bäri umyt edip gelýärin. Mundan bäş ýyl ozal, 2008-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň prezidenti pasportlaryň täze görnüşini girizmek barada permana gol çekende, goşa raýatlyk bilen bagly kesgitsizlikleriň ýüze çykjakdygy eýýäm şonda hemmä düşünikli bolupdy.

Häzir men adamlaryň arkaýyn hereket etmekleri üçin mümkinçiligiň ahyrsoňy döredilendigine begenýärin. Täze pasportlaryň graždanlara nähili möhlet bilen beriljegi entek belli däl, emma indi bu mesele çözüldi diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň aýdyşlaryna görä, şu günden başlap, täze türkmen pasportlary diňe 2003-nji ýyla çenli orsýet pasportyny alan türkmenistanlylara we Türkmenistanda propiskasy bolan adamlara berler. Emma 130 müňden gowrak iki pasportly adamlaryň arasynda 2003-nji ýyldan soň iki pasportly bolanlaryň-da az däldigi barada habar berilýär. Olar nätmeli? Şu nukdaýnazardan mesele çözüldi diýip bolarmy?

Ýewgeniý Greçuhin: Men mesele boýunça gutarnykly karara gelnendir diýip pikir edemok. Orsýet tarapynyň bu raýatlara-da türkmen paportlarynyň berilmegi üçin tagalla etmegi ähtimal. Emma meselä başgaça seredilende, 2008-2009-njy ýyllarda orsýet tarapy 2003-nji ýylyň 21-nji iýulyndan soň goşa raýatlykly bolan adamlara olaryň Orsýete barmagy üçin orsýet wizasyny berip başlapdy. Bu bolsa şonda Orsýetiň Türkmenistanyň goşa raýatlygyny ret etmegi bilen bagly resmi pozisiýasyny iş ýüzünde ykrar edendigini görkezýän bir ädim bolupdy. Sebäbi bu ýagdaý türkmen tarapyna Orsýet goşa raýartlara wiza berýän bolsa, diýmek, olara öz raýatlary hökmünde garamaýar diýmäge gowy esas döredipdi.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlara pasport berilmegine döwlet derejesinde rugsat berlensoň, indi bu kararyň durmuşa geçirilmegi üçin mümkinçiliklere seredep göreliň. Täze pasportlar diňe ýurduň içinde Türkmenistanyň Migrasion gullugy tarapyndan berilýär. Türmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda pasport bermäge mümkinçilik göz öňünde tutulmaýar. Şeýe ýagdaýda täze pasport edinmek raýatlar üçin näderejede elýeterli?

Ýewgeniý Greçuhin: Meniň pikirime görä, häzirki wagtda Türkmenistanda pasport almak bilen baglylykda tehniki kynçylyklar bar. Şonuň üçin bu proses wagt talap eder. Häzirki wagtda goşa raýatlara pasport almaga rugsat berilmegi Türkmenistanyň paýtagtynda-da, Migrasion gullugynyň welaýatlardaky edaralarynda-da uly nobatlary döredip biler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda, umuman, täze pasportlaryň dolanyşyga girizilmeginiň uly nobatlary döredendigi barada habar berilýär. Şeýlemi?

Ýewgeniý Greçuhin: Bu tehniki taýdan, fiziki taýdan kyn bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen täze pasport hemmä berler diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Habar berlişine görä, orsýet pasportyna eýe bolan köp türkmenistanlylar Orsýetde zähmet çekýär ýa okaýar. Olaryň arsynda 2003-nji ýyldan soň orsýet pasportyny alanlar hem az däl. Siziň pikiriňizçe, häzirki ýagdaýda olar näme etmeli?

Ýewgeniý Greçuhin: Olar täze pasport alyp bilmeseler, şu ýylyň 11-nji iýulyndan soň Türkmenistandan çykyp bilmezler. Maňa mälim bolşuna görä, Türkmenistandaky awiakassalar köpden bäri köne pasport boýunça 11-nji iýuldan soňky döwre degişli uçar biletlerini satmaýarlar. Meniň pikrimçe, bu mesele ýurtlaryň arasynda boljak indiki gepleşikleriň temasy bolup biler.
XS
SM
MD
LG