Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilýär


Çehiýanyň premýer-ministri Petr Neças, 16-njy iýun, 2013.
Çehiýanyň premýer-ministri Petr Neças, 16-njy iýun, 2013.

Çehiýanyň premýer-ministri Petr Neças wezipesini terk edýändigini yglan etdi. Bu onuň ýakyn ýaranynyň daşynda korrupsiýa we içalyçylyk bilen bagly jenjeliň turmagy bilen baglanyşykly ýüze çykdy. Neçasyň karary çeh hökümetiniň dargamagyna getirdi.

Çehiýanyň premýer-ministri Petr Neças korrupsiýa, içalyçylyk we, belki-de, jynsy gatnaşyklar bilen bagly turan dawa-jenjeliň neijesinde wezipesinden çekildi.

Neçasyň ýekşenbe güni agşam eden garaşylmadyk beýannamasynyň öňüsyrasynda polisiýa hökümetiň edara jaýlarynda barlag geçirdi, onlarça öýleri dökdi we bank hasaplaryny barlady. Bu Çehiýa Respublikasynda soňky 20 ýylyň dowamynda korrupsiýa garşy geçirilen iň uly operasiýa boldy.

Jenjeliň merkezindäki zenan

Bu jenjeliň merkezine düşen zenan, hökümet apparatynyň başlygy Jana Nadýowa öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we parahorlukda aýyplanýar.

Petr Neças wezipesini resmi taýdan 17-nji iýunda terk edýändigini aýdyp, syýasatçy hökmünde öz jogapkärçiligini düýýandygyny we jogap bermäge taýýardygyny aýtdy.

Prokurorlar Nadýowany Neçasyň partiýasynyň üç agzasyna olaryň parlamentdäki orunlaryna derek döwlet tarapyndan dolandyrylýan kompaniýalarda wezipeli orunlary hödürlemekde, şeýle-de gizlin gulluklara üç adamyň yzyny yzarlamaga görkezme bermekde aýyplaýarlar.

Nadýowa häzir tussag astynda saklanýar.

Şuňa meňzeş aýyplamalar ýene ýedi adama, şol sanda Neçasyň partiýasynyň öňki agzalarynyň üçüsine ýöňkeldi. Polisiýa geçiren barlaglarynyň netijesinde alty million dollar möçberindäki puly we onlarça kilogram altyny ele saldy.

Şahsy tarapy

Bu dawanyň Petr Neçasyň şahsy durmuşyna degişli tarapy-da bar. Nadýowanyň görkezmesi bilen yzarlananlaryň biriniň Neçasyň aýaly Radkadygy aýdylýar.

Hökümet başynda çekilen Neças geçen hepde-de 25 ýyllap bile ýaşan aýaly Radka bilen aýrylyşýandygyny mälim edipdi. Bu bolsa onuň Nadýowa bilen gatnaşykdadygy baradaky çaklamalaryň emele gelmegine sebäp bolupdy.

Neças “Graždan demokratik partiýasynyň” başyndan hem çekilýändigini mälim etdi. Onuň bu karary jemgyýetde makullanma bilen kabul edildi. Praganyň ýaşaýjysy Pawel Žirsa Neçasyň dogry ädim ädendigini beläp, “onuň syýasatçy hökmünde başga çykalgasy bolmady” diýip hasap edýändigini aýtdy.

Çehiýaly meşhur žurnalist Ýaroslaw Plesliniň hem pikirine görä, Nadýowa tussag edilensoň, Neças üçün öz wezipesinden çekilmekden başga ýol galmady.

Petr Neçasyň hökümet bayndan çekilmegi Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Çehiýa Respublikasyny syýasy durnuksyzlygyň täze tapgyryna iterdi. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, hökümetiň häzirki agzalary hem bilelikde wezipelerinden çekilmeli bolarlar.
XS
SM
MD
LG