Sepleriň elýeterliligi

18 ýaşly gelne 7 ýyl berildi


Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau şäheriniň sudy öz 12 ýaşly ogullygyny janyndan geçen bombaçy bolmaga taýýarlan ýaş gelni 7 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen sud 18 ýaşly gelni terrorçylygy wagyz etmekde, kämillik ýaşyna ýetmedik çagany gynamakda günäli tapdy.

Häkimiýetler onuň öz ogullygyny ulanyp, Milli howpsuzlyk komitetiniň jaýynyň içinde bir hüjümi planlaşdyrandygyny aýdýarlar.

Ol aýalyň adamsynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan, geçen ýyl terrora garşy geçirilen operasiýa mahalynda öldürilendigi aýdylýar.

Geçen güýz howpsuzlyk güýçleri we polisiýa Atyrauda we golaýdaky Kulsary şäherlerinde geçirilen aýry-aýry operasiýalarda güman edilýän dokuz jeňçini öldürdi.
XS
SM
MD
LG