Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Snowden bukulyp çykyş edýär


Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki işgäri, Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ýaşrynlykda telefon we internet gözegçiligini etmek baradaky programmalaryny paş eden Edward Snowden "Gardian" gazetiniň websaýtynda öz paş edişligini gorap çykyş etdi.

Snowden "Gardian" gazetiniň okyjylarynyň we žurnalistleriniň soraglaryna jogap berip, özüniň Birleşen Ştatlaryň kanuny harby nyşanalaryna garşy operasiýalarynyň üstüni açmandygyny aýtdy.

Emma ol Milli howpsuzlyk gullugynyň uniwersitetler, biznes-iş ugurlary ýaly raýat infrastrukturalaryny nyşana alýandygyny açyp görkezdim diýdi.

Ol Hoň Koňa gaçmagynyň sebäbini Birleşen Ştatlarda adalatly sud edilerin öýtmändigi bilen düşündirdi.

Şeýle-de Snowden Birleşen Ştatlaryň hökümeti meni türmä basyp ýa öldürip, sesim çykmaz ýaly edip bilmez diýdi.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri onuň garşysyna, syzdyran gizlin maglumatlary üçin, derňew işini açdylar. Emma olar häzire çenli Snowdeniň özlerine tabşyrylmagy barada formal talap bildirmediler.
XS
SM
MD
LG