Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýalylar protest bildirýär


Müňlerçe braziliýaly, jemgyýetçilik transportynyň bahalaryndan başlap, geljek ýyl geçirljek Dünýä çempionatynyň nyrhlaryna çenli, bahalaryň ýokarlanmagyna garşy proteste çykdy.

65 müň çemesi adam Sao Pola ägirt uly demonstransiýa ýygnandy.

Protestler umuman parahatçylykly boldy, emma käbir zorluklaryň hem bolandygy habar berilýär. Rio de Janeýroda kiçiräk bir topar maşyn otlap, polisiýany daşlady.

Düýnki demonstrasiýa soňky iki hepdede bolan tapgyrlaýyn protestleriň dowamy bolup, Braziliýanyň durgunlyga düşen ykdysadyýetinden, inflýasiýadan we möwjäp galan ženaýatçylykdan nägileligiň netijeleri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG