Sepleriň elýeterliligi

Ýewraziýada raýat jemgyýeti gysylýar


Freedom House, Azatlyk öýi guramasynyň 2013-nji ýyldaky Geçiş döwletleri hasabatynda Merkezi Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bir toparynda awtoritar dolandyryşyň agdyk gelýändigi aýdylýar.

Bu toparyň Merkezi Ýewropadan Merkezi Aziýa çenli bolan demokratiki ösüşlere beren ýyllyk synlarynda tutuş Ýewraziýada raýat jemgyýetiniň şertleriniň ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Özbegistan we Türkmenistan ýene sebitde raýat jemgyýeti üçin iň bir ýaramaz ýurtlar diýen bahany aldy.

Azerbaýjan, Täjigistan, Belarus duşman diýilýänleri ýanamagy güýçlendirmekde tankytlansa, Gazagystanyň hökümeti işçi guramaçylygyny basyp ýatyrmakda ýazgaryldy.

Azatlyk öýi kök uran awtoritar dolandyryşyň ozaldan gelýän korrupsiýa, metbugat senzurasy, syýasy oppozisiýa garşy zorluk problemalaryny beterleşdirendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG