Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul howpsuzlyga jogapkär


Owgan prezidenti Hamid Karzaý NATO ýolbaşçylygyndaky güýçleriň höwpsuzlyk jogapkärçiligini owgan goşunyna tabşyrmak boýunça jemleýji dabarasyndan soň, owgan ýaragly güýçleriniň bütin ýurt boýunça howpsuzlyk operasiýalarynyň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny aýtdy.

Ikinji gün geçirilen dabara NATO güýçleriniň ýolbaşçylygyndaky iň soňky etrapdaky howpsuzlyk jogapkärçiliginiň hem owgan milli goşunyna we polisiýasyna tabşyrylmagynyň şanyna guraldy.

Howpsuzlyk jogapkärçiliginiň tabşyrylyş dabarasynyň geçirilen ýerinden birnäçe kilometr uzaklykda janyndan geçen bombaçy tanymal hazara deputaty Mohammad Mohagigi nyşana aldy.

Mohagig özüne edilen hüjümden aman gutulandygyny aýtdy, emma ol ýerde azyndan üç adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG