Sepleriň elýeterliligi

"Freedom House": Türkmenistanda demoktratiýa ýok


“Freedom House” guramasynyň 2013-nji ýyl boýunça hasabaty.

“Freedom House” guramasynyň 2013-nji ýyl boýunça hasabaty.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasy Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa regionlarynda demokratiýanyň ýagdaýy boýunça täze ýyllyk hasabatyny çap etdi.

18-nji iýunda çykan bu hasabatda Ýewraziýada demokratik özgerişliklere bolan talabyň güýçlenmegi bilen bir wagtda regionyň awtoritar hökümetleriniň repressiw syýasatlaryny güýçlendirendigi aýdylýar.

Hasabata görä, bu ýagdaý korrupsiýanyň güýçlenmegine, media senzurasynyň, raýat jemgyýetçiligine edilýän gysyşlaryň we käbir halatlarda syýasy oppozisiýa garşy edilýän zorluklaryň möwç almagyna getiripdir. Regionlardaky tendensiýalary we her bir ýurtdaky ýagdaýy aýratynlykda analiz edýän bu hasabatda Türkmenistana nähili baha berilýär?

Türkmenistana berilen baha

“Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatyna görä, Türkmenistanda 2004-nji ýyldan bäri demokratik azatlyklaryň ýagdaýy özgermän gelýär.

Hasabatda ýurtda saýlaw prosesine, raýat jemgyýetçiligine, media azatlygyna, milli demokratik dolandyryşa we sudlaryň erkinliligine iň pes bahalaryň biri berilýär we ýagdaýyň ýyllar boýy az üýtgeýändigi nygtalýar.

Şol bir wagtda-da hasabatda Türkmenistanda ýerlerdäki demokratik dolandyryşda gowulyga tarap uly bolmadyk özgerişligiň bolandygyny görkezýän sanlar berilýär. Emma, maglumata görä, korrupsiýa ozalky ýyllara garanda güýçlenipdir. “Freedom House” guramasynyň 2013-nji ýyl boýunça häzirki hasabatynda Türkmenistanda demokratik özgerişiň umumy derejesine 2008-nji ýyldan bäri iň erbet baha berilýär.

Hasabata görä, Türkmenistan we Özbegistan dünýä ýüzünde raýat jemgyýetçiliginiň ösüşi üçin iň erbet şertleriň höküm sürýän ýurtlarydyr.

Türkmenistanyň Özbegistandan tapawudy

Bu iki ýurtda düýpli ornaşan režimler, syýasy oppozisiýany ýok edip, garaşsyz žurnalistleri türmä basdylar, Özbegistanda adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler we dinçi musulmanlar häkimiýetler tarapyndan rehimiz yzarlanýarlar, Türkmenistanda bolsa hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi döwlet tarapyndan dolandyrylýar we maliýeleşdirilýär diýlip, hasabatda bellenýär.

Maglumatda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda prezidentiň permany bilen döredilen döwlet komissiýasy daşary ýutlardan maliýeşdirilýän proýektlere gözegçilik edýär we daşary ýurt maliýe serişdeleriniň ýurduň içindäki ýuridiki guramalara we fiziki şahslara elýeterliligini berk çäklendirýär.

Şol bir wagtda-da “Freedom House” guramasy, Türkmenistana we Özbegstana berlen bahalaryň bir-birinden sähelçe tapawutlanýandygyna garamazdan, bu ýurtlardaky ýagdaýyň arasynda tapawudyň bardygyny belleýär.

Guramanyň geçiş döwründäki ýurtlar boýunça hasabata degişli proýektiniň müdiri Sylwana Habdank-Kolaçzkowskanyň sözlerine görä, Türkmenistanda garaşsyz žurnalistler, garaşsyz guramalar we garaşsyz çykyşlar asla ýok. Özbegistanda bolsa pikir alyşmak üçin mümkinçilikler ýok.

Özbegistanda erkin pikir berk jezalandyrylýar, emma şol bir wagtda-da bu ýurtda garaşsyz pikirleriň we hereketleriň häli-şindi ýüze çykýandygyny görmek mümkin. Munuň üçin tagallalar edilýär. Türkmenistanda bolsa şeýle tagallaryň öňi alynýar” diýip, Sylwana Habdank-Kolaçzkowska aýtdy.

Kriteriýalar

“Freedom House” guramasy Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa regionlarynyň 29 ýurduny öz içine alýan ýyllyk hasabatlarynda demokratiýa ugrunda öňegidişlikler we yza gaýdyşlar barada maglumat ýaýratmak bilen bilelikde, ýagdaýyň gowulanmagy üçin birnäçe kategoriýalar boýunça rekomendasiýalary hem çap edýär.

Şol kategoriýalar demokratik dolandyryş we ýerli dolandyryş sistemalaryna, saýlaw prosesine, graždan jemgyýetçiliginiň ýagdaýyna, habar serişdeleriniň garaşsyzlygyna, sud sistemasynyň erkinliligine we korrupsiýanyň derejesine degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG