Sepleriň elýeterliligi

HK: "Türkmenistanly zenanlar - ikinji derejeli raýatlar"


Aşgabadyň "Jygyldyk" bazaryndaky türkmen zenanlary.

Aşgabadyň "Jygyldyk" bazaryndaky türkmen zenanlary.

Türkmenistanda maşgala durmuşynyň agramly bölegi zenanlaryň boýnunda. Diňe bir adaty öý-hojalyk işleri bilen meşgullanmak beýle-de dursun, eýse olar köp halatlarda maşgalany-da özleri eklemeli bolýarlar. Bu düýbi Norwegiýada ýerleşýän Helsinki komitetiniň "Türkmenistanly zenanlar - ikinji derejeli raýatlar" ady bilen 17-nji iýunda ýaýradan täze hasabatyndan alnan bir bölek.

Hasabatda aýdylyşyna görä, tussaglaryň köpüsiniň we neşe belasyna uçranlaryň aglabasynyň erkekler bolmagy, galyberse-de diňe oglanlaryň gulluga alynmagy, maşgalany eklemek jogapkärçiliginiň hem belli bir derejede aýal-gyzlaryň üstüne düşmegine sebäp bolýar.

”Emma barybir türkmen zenanlary, däbe görä, öý-hojalykçy hökmünde-de wezipelerini, şol sanda çaga dogurmak, çaga eklemek we olary terbiýelemek, degişli öý işlerini etmek borjuny hem dowam etdirýärler” diýip, Helsinki komitetiniň türkmen zenanlarynyň roluna bagyşlanan raportynda aýdylýar.

Raportda aýdylşyna görä, oglan çagalary, gyz çagalardan üstün tutmak ýaly däpler hem Türkmenistanda zenanlaryň kemsidilmeginiň ýene bir alamaty. Maşgalada zenanlaryň erkekleriň buýrugyna tabyn bolmagy, diýleni ýerine ýetirmeli bolýandyklary barada hem bellenilip geçilýär.

"Özünden has ýaş gyzy ikinji aýal etmek"

“Erkek adam, aýaly çaga dogrup bilenok, ýa diňe gyz dogurýar, ýa-da keselli diýip, ondan aýrylyşyp bilýär, ýa özünden has ýaş gyzy ikinji aýal edip alyp bilýär, emma aýalyň näsag adamsyny taşlap, başga sagdyn bir erkege durmuşa çykmagy welin, adaty ýagdaý däl diýlip hasaplanýar” diýip, raportda nygtalýar. Agzalýan guramanyň raportynda aýdylyşyna görä, Türkmenistanda aýallaryň kemsidilmegi bilen bagly meselede, zenanlaryň maşgalada zorluklara duçar bolmagy hem esasy problema bolup durýar. Şeýle ýagdaýa duçar bolan zenanlar bilen bagly, köp halatda oňa sütem edýän erkek däl-de, aýal günäkärlenýär”.

Zenanlaryň maşgalada kemsitmelere sezewar edilmeginiň sebäpleriniň ýene biri hem olaryň ykdysady taýdan maşgalanyň erkeklerine garaşly bolmagy, hemem adamsynyň öýüni taşlap gidere başga ýeriniň bolmazlygy bilen baglanyşykly.

Zenanlaryň erkekler bilen deň derejede iş mümkinçiligine eýe däldigi-de, olaryň, umuman aýdylanda, agyr we gara zähmet işlerinde işledilýändigi, olaryň aýlyklarynyň bolsa, ortaça hasapdan, erkekleriňkiden has pesdigi raportda bellenýär.

Ýolbaşçy wezipesindäkileriň aglabasy erkekler

Türkmenistanda howpsuzlyk güýçleriniň düzüminde, sudlarda, häkimlik we beýleki hökümet edaralarynda ýolbaşçy wezipelerinde işleýän işgärleriň aglabasynyň hem erkek işgärlerden ybaratdygy aýdylýar.

Raportda bellenmegine görä, daşary ýurtlara işlemäge gidýänleriň aglabasy hem zenanlardan ybarat bolup, olaryň köpüsi ýa-ha adamsyndan aýrylyşan maşgalalar ýa-da adamsy ýarawsyz bolanlar. Netijede, şeýle ýagdaýa düşen zenanlar maşgalanyň ekleýjisi hökmünde her hili şertlerde işlemäge razy bolýarlar.

Maşgala gurmak meselesinde hem zenanlaryň dürli kynçylyklara duçar bolýandygy aýdylýar. Esasanam, daşary ýurtla durmuşa çykmak isleýän türkmen gyzlary dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Daşary ýurtla durmuşa çykmak kyn

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň raportynda aýdylşyna görä, kanuna laýyklykda türkmenistanly gyza öýlenmek isleýän daşary ýurtlynyň azyndan bir ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýaşap, onuň Türkmenistanda hususy jaýynyň bolmagy talap edilýär.

Emma şol bir wagtyň özünde-de daşary ýurtlynyň Türkmenistanda jaý satyn almaga mümkinçiligi ýok, kanunda bolmasa-da, ýolbaşçylaryň gizlin talabyna laýyklykda, daşary ýurtlularyň jaý satyn almagy gadaganlyk derejesinde kynlaşdyrylan.

Emma hasabatda daşary ýurtlara gidip durmuşa çykýan türkmen zenanlarynyň hem az däldigi bellenilýär. Olary daşary ýurtla durmuşa çykmaga iterýän esasy zatlardan biriniň-de ýurduň ykdysady ýagdaýy bilen baglydygy nygtalýar.

Gurama türkmen parlamentiniň agzalarynyň 17%-niň we käbir ministrleriň zenan maşgalalardygyna garamazdan, umuman aýdylanda, türkmen zenanlarynyň ýurduň syýasy durmuşynda oýnaýan rolunyň hem ýabygorludygyny belleýär.

Zenanlaryň statusy pese gaçýar

Düýbi Norwegiýada ýerleşýän Helsinki komiteti öz raportynda garaşsyzlyk eýýämynda türkmen zenanlarynyň syýasy, ykdysady we sosial statusynyň ýyl-ýyldan yza gaýdandygyny aýan edip, bu ugurda ösüş gazanmak üçin käbir teklipleri hem hödürläpdir.

Teklipleriň birinde aýdylyşyna görä, zenanlaryň hak-hukuklary boýunça kanunlar kabul edilen, emma takyk netije gazanmak üçin şol kanunlara iş ýüzünde amal edilmegi zerur. Aýallaryň hak-hukuklarynyň goralmagy we deňligini üpjün etmek üçin degişli resmilere bu ugurdan ýörite bilim berilmeli.

Raportda mekdeplerde aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy barada ýörite sapak berilmeginiň zerurdygy hem aýratyn nygtalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG