Sepleriň elýeterliligi

Karzaý ABŞ bilen gepleşikleri ýatyrdy


Çarşenbe güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý amerikan goşunlarynyň bir bölegini 2014-nji ýyldan soň bu ýurtda galdyrmak meselesi barada planlaşdyrylan gepleşikleri ýatyrdy.

Prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Aýmal Faýzi owgan-amerikan gepleşikleriniň ýatyrylmagynyň sebäbini “ABŞ-nyň hökümetiniň parahatçylyk gepleşikleri babatda aýdýan sözleri bilen edýän işleriniň arasynda gapma-garşylygyň bardygy” bilen düşündirdi.

Ýöne ol bu “gapma-garşylyklar” barada anyk durup geçmedi. Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni Birleşen Ştatlar bilen Talyban wekilleri Katarda talybanlar üçin täze açylan ofisde gepleşiklere başlamakçydyklaryny yglan etdiler.

Beýleki tarapdan, talybanlar şu çaka çenli Hamid Karzaýyň hökümetini ykrar etmeýärler we hökümet bilen gepleşik geçirmekdenem ýüz öwrüp gelýärler.
XS
SM
MD
LG