Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: “Dost-duşmanlar” belli edildi


Çarşenbe güni Orsýetde iş alyp barýan garaşsyz “Lewada” merkezi orsýetlileriň beýleki ýurtlar baradaky garaýyşlary dogrusynda geçiren pikir soraýyşlygynyň netijesini çap etdi.

Bu çap edilen hasabat Orsýetiň 130 sany ilatly punktunda 1 müň 600 adamyň arasynda geçirilen pikir soraýyşlygyň netijesine esaslanýar.

Bu ýylky pikir soraýyşlykda orsýetlileriň aglaba köpçüligi Orsýet üçin “iň duşman yurt” diýip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny görkezipdirler.

“Duşman ýurtlaryň” hatarynda ikinji orunda Gürjüstan durýar. Ondan soň Pribaltika ýurtlary bolan Latwiýa, Litwa we Estoniýa gelýär.

“Iň dostlukly” ýurt diýip orsýetlileriň aglabasy Belarusy görkezipdirler. Ondan soň “dostlukly ýurtlaryň” sanawynda Gazagystan, Hytaý, Ukraina we Germaniýa gelýär.
XS
SM
MD
LG