Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Köne kärdeşler


Ýewgeniý Oliýnikiň çeken karikaturasy.
Ýewgeniý Oliýnikiň çeken karikaturasy.
Gije ýanýan hünji

Türkmenistanda kitap çap etdirmek SSSR zamanasynda-da aňsat iş däldi. Bü paýtagtdan üzakda ýaşaýan ýazyjy-şahyrlar üçin has kyndy. Nebitdagda ýaşaýan Pyhy Taganyň-da kitaplary seýrek çap edilýärdi. Bir gezek Aşgabada ýoly düşende Pyhy Tagan“Türkmenistan” neşirýatynyň direktorynyň ýanyna baryp:

- Neşirýatyň önümçilik planyna goşulan kitabymy nämüçin görkezlen senesinde çap etmän, ol ýyldan beýleki ýyla geçirýäňiz? - diýýär. Neşirýatyň direktory:

- Pyhy aga, ertir gel, bu meseläni ertir maslahat edeli! Häzir men howlukýan, şü gün aýalymyň doglan güni. Oňa gije ýanýan hünji sowgat etmegi söz berdim. Hünji satýan dükan sagat alta çenli işleýär. Häzir gitmesem, gijägalýan - diýip, gapa tarap ýönelipdir. Pyhy Tagan:

- Inim, kitabymyň çap bolmaýanyna jowranyp, diňe gije däl, gündizem ýanyp ýörün. Gije ýanýan hünji satyn aljak bolup, çykdajy etme, gelniň boýnuna meni dakaý! - diýipdir.

Köne kärdeşler

Ýazyjylar Nury Baýram bilen Anna Paýtyk ildeşdi. Türkmen döwlet uniwersitetinde bir döwürde okapdy. Olar şol döwürden bäri biri-biri bilen bäsdeş, basdaşdy. Paýtagtyň Tankçy köçesinde duldegşir goňşy bolup ýaşaýan bu iki ýazyjy nebsine, bähbidine gezek gelende hakyny giderýän adam däldi.

Il-güne sepini bildirmän, öwrüm etmegi, garşydaşlaryny aldaw-hilä salmagy başarýan adamlardy. Ýöne mydama biri beýlekisine müňkürdi. Çem, amat dörese “Şu adam aldaw-hileden, mekirlikden ýasalan”diýip, birek-biregiň ýeňsesinden gybatyny edýärdi. Bir gezek Nury Baýram içki duýgusyna bäs gelip bilmän Anna Paýtyga:

- Anna, sen dünýä öňem bir gezek gelip-giden bolmaly. Nirede bähbidiň bardygyny öňünden bilýäň. Adamlara al, hile salmak çep eliňden gelýär - diýdi. Anna Paýtyk oňa:

- Nury, garrap, aň-huşuň kütelip ýörmi? Geçen gezegem dünýä bir döwürde bile inipdik. Ýöne ol gezek häzirki ýaly “Garagum” zurnalynyň redaksiýasynda däl-de, “Türkmensöwdada” sen-ä azyk ambarynyň, menem mata ambarynyň müdiri bolup işläpdik. Ondan öňki gezek dünýä inenimizi, nirede işlänimizi ýatladaýynmy? - diýip, parahat jogap berdi.

Göwünlik

Ir döwür, 20-22 ýaşymda wagtym goşgularymy “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasyna eltdim. Gazetiň poeziýa bölüminiň müdiri:

- Inim, goşgularyňda yrga, sowet ideologiýasyna ters gelýän, düşnüksiz pikir kän. Düşünmeýän zadymy redaktora geçirip, gepe galyp biljek däl - diýip, goşgularymy yzyna öwürdi. Ýaşy bir çene baran bölüm müdiriniň ýüzüne durup,agyr söz aýtmaga ejap edip, redaksiýadan çykyp gaýtdym.

Gaharyma bäs gelip bilmän, goşgularyma mydama oňat baha berýän, ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän ýygnaklarda “Amanmyradyň döredijilikde uly geljegi bar. Ony goldamak barymyzyň borjumyz” diýip, çykyş edýän ussat şahyr Mämmet Seýidowyň ýanyna bardym. Redaksiýanyň poeziýa bölüminiň müdiriniň jogabyny aýtdym. Sözümiň ahyrynda:

- Düşünmeýän bolsa, gümüni çekip işden gitsin. Kör zehinlerden haçan dynarys? - diýdim. Göwnüm Mämmet aga “Kör zehinlere üns berme-de ýazyber!” diýdirmekdi. Ol güldi. Soňra-da:

- Ýaşulylar soweti (onuň hemme kişä ýüzlenşi), birini işinden kowmaly diýip goh etme! Gowusy, şol kör zehin bölüm müdiri-de, bizem düşüner ýaly düşnükli goşgy ýaz! - diýdi.
XS
SM
MD
LG