Sepleriň elýeterliligi

HWF Türkmenistanyň ykdysadyýetini seljerdi


Halkara walýuta fondunyň emblemasy

Halkara walýuta fondunyň emblemasy

Halkara walýuta fondy (HWF) öz delegasiýasynyň Türkmenistana eden sapary we onuň netijeleri boýunça duşenbe güni beýanat ýaýratdy.

Baş edarasy Waşingtonda ýerleşýän guramanyň beýanatynda Türkmenistanyň “berk” ykdysady netijeliligi gowy garşylanyp, şol bir wagtda-da “döwletiň gözegçilik edýän ykdysady pudagynda batyrgaý reformalaryň amala aşyrylmalydygy”, şeýle-de “işjeň hususy sektoryň döredilmelidigi” nygtalýar.

Halkara walýuta fondunyň missiýasy 29-njy maý – 11-nji iýun aralygynda Türkmenistanda saparda bolup, ýurduň ykdysady ýagdaýyny seljerip, oňa baha berdi.

Weronika Bakalunyň ýolbaşçylygyndaky topar Türkmenistanyň bank ulgamynyň we hökümetiniň ýokary derejeli resmileri, şeýle-de kommersiýa banklarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Saparyň dowamynda ýurduň Merkezi banky bilen hyzmatdaşlykda, tebigy resurslardan gelen girdejileri dolandyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, halkara we regional derejesindäki ykdysady mümkinçilikler dogrusynda-da telim tapgyr prezentasiýalar geçirildi.

Saparyň jemleri boýunça ýaýradylan beýanatda jemgyýetçilik pudagyna edilýän harajatlaryň artmagy, şeýle-de uglewodorod serişdeleriniň önümçiliginiň ýokarlanmagy bilen baglylykda ýurduň ykdysady netijeliliginiň “berk” ýagdaýda saklanyp galandygy bellenilýär.

Beýanatda 2012-nji ýylyň dowamynda dolanyşykdaky jemi içerki önümiň 11% ýokarlanandygy, bu ugurdaky görkezijileriň 2013-2014-nji ýyllar aralygynda hem ygtybarly derejede saklanjakdygy çaklanylýar. Munuň durmuşa geçmegine esasy howp bolup durýan zadyň dünýä boýunça uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmak ähtimallygydygy nygtalýar.

Maslahatlar

Şeýle-de duşenbe güni ýaýradylan beýanatda türkmen häkimiýetleriniň, çäklendirilen mümkinçilikleri nazara alyp, has ätiýaçly salgyt-bujet syýasatyny ýola goýmalydygy aýdylýar. Beýanatyň awtorlary türkmen hökümetini uglewodorod resurslarynyň dolandyrylşygyny hem has kämilleşdirmäge çagyrýarlar.

Geljekki salgyt-bujet syýasaty boýunça kararlaryň hem nyrh-baha kadalaryna esaslanyp kabul edilmelidigi maslahat berilýär. Munuň zerur jemgyýetçilik harajatlaryny uglewodorod serişdeleriniň üýtgäp duran nyrhlaryndan gorap saklamaga hemaýat berjekdigi bellenilýär.

Şeýle-de beýanatda Türkmenistanda şahsy sektory ösdürmek üçin, döwletiň eýeçiligindäki ykdysady pudakda “batyrgaý” reformalaryň gerekdigi bellenilýär.

Saparyň dowamynda Halkara walýuta fondunyň Maliýe statistikasy bölüminde Türkmenistanyň hem öz sahypasynyň açylmalydygy maslahat berildi.

Halkara walýuta fondy resmi taýdan 1945-nji ýylyň 27-nji dekabrynda esaslandyryldy. Guramanyň esasy maksatlarynyň biri “maliýe-ykdysady pudakda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermekden” ybaratdyr. Häzirki wagtda onuň düzümine 188 döwlet girýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG