Sepleriň elýeterliligi

Aman: "Riýaddaky türkmenler baý"


Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmen.

Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmen.

Owganystan türkmenleri diýlende köplenç haly söwdasy bilen meşgullanýan türkmenler ýada düşýär. Asly Owganystan türkmenlerinden bolan we häzirki döwürde Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde ýaşaýan hem işleýän Aman Batyr bolsa ýorgan-düşek önümçiligi babatda iş alyp barýar.

Aman Batyr ýorgan-düşek önümçilik işinden daşgyn internetde ýörite bir topar döredip dünýä türkmenleriniň tanyşmagy, jebisleşmegi hem-de gatnaşyklaryny hasam ösdürmekligi babatda hem tagallalar alyp barýar.

Azatlyk Radiosy işewür Aman Batyr bilen söhbetdeş bolup, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde ýaşaýan türkmenleriň ykdysady ýagdaýlary, gündelik durmuşda edýän işleri we dünýa türkmenleri bilen gatnaşyklary, şonuň ýaly-da öz alyp barýan işleri hakynda dürli maglumatlar aldy.

Azatlyk Radiosy: Aman Batyr, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde näme bilen meşgullanýarsyňyz?

Aman Batyr: Öz ýerimizde tikinçilik işi bilen meşgullanýarys. Ýorgan-düşek tikip, taýýarlap, satýarys.

Azatlyk Radiosy: Owganystan türkmenleri diýlende köplenç haly işleri bilen meşgullanýarlar. Riýaddaky türkmenleriň arasynda hem halyçylyk bilen meşgullanýanlar barmy?

Aman Batyr: Saud Arabystanyndaky türkmenleriň arasynda haly işi edil olar ýaly ýörgünli däl. Bu ýerde Owgan türkmenleriniň el işlerini getirip satjak hem bolup gördüler, ýöne kän peýda görüp bilmediler. Özümiz maşgala agzalary bolup öýde ýorgan-düşek tikýäris. Agam, kakamyň jigisi, öz jigim, ejem-kakam bar. Ähli maşgala bolup ýorgançylyk hünärini ýöredýäris.

Azatlyk Radiosy: Aman Batyr, siz Owganystandan Saud Arabystanynyň Riýad şäherine haçan geldiňiz?

Aman Batyr: Edil häzir bäş ýyla golaý wagt boldy. Owganystanda on iki ýyl orta bilimi okap gaýtdym. Onsoň uniwersitet okajagam bolmadyk. Ýorgançylyk işi bilen meşgullanyp gitdik.

Azatlyk Radiosy: Aman Batyr, Riýadda türkmenler öz arasynda nähili iş alyp barýarlar. Iş-aladanyň arasynda duşuşmaga wagt bolýarmy? Türkmençiligi küýsän mahalyňyz nämeler edýärsiňiz? Ylaýta-da türkmen ýaşlary nämeler bilen gyzyklanýarlar?

Aman Batyr: Saud Arabystanyň paýtagty bolan Riýad şäherinde her juma agşamynda duşuşýarys, jemlenşip oturyşýarys. Tüweleme, türkmenler bolup şeýdip gowy gatnaşyp durus. Ertesi güni iş-alada bolmansoň arkaýyn oturyp söhbet edýäris. Her kim öz ýaşdaşy bilen topar-topar bolup oturyp, gürrüňdeşlikler geçirýärler.

Esasan-da türkmençilik barada gürleşilýär. Ýaşlaram muňa işjeň gatnaşýarlar. Şygyrlar okalýar. Ýaşlaryň öz aslyny tanamagy hem bilmegi üçin türkmen taryhyndan gürrüňler edilýär. Toýlarda türkmenler bolup üýşüp woleýbol oýnaýarys. Şonuň üçinem ýaşlar hem has köp woleýbola gyzyklanma bildirýärler.

Azatlyk Radiosy: Aman Batyr, Riýaddaky türkmenleriň hemmesi seniň ýaly türkmençe gürläp bilýärmi?

Aman Batyr: Hawa, Riýaddaky türkmenleriň hemmesi edil meniň ýaly türkmençe gürleýär. Owganystanda doglup, şol ýerde ulalyp, soň bu ýere gelenler türkmençe has gowy bilýärler. Ýöne Saud Arabystanynda doglanlar has köp arapça gowy gürleýärler. Olar türkmenleriň arasynda arapça gürlejek bolanda “Öz ene-ata dilimizi ýitirmäliň, türkmençe gürläliň!” diýip, olara öwüt-nesihat edýäris.

Azatlyk Radiosy: Riýaddaky türkmenleriň arasyndaky söhbetdeşliklerde Türkmenistan barada söz açylýan wagty bolýamy?

Aman Batyr: Türkmenistan barada hiç gürrüň edemizok. Dogrymy aýtsam meniň özümiň Türkmenistan barada hiç hili maglumatym ýok diýsem ýalan bolmaz. Näme üçin diýlende, gidemizogam, Türkmenistany göremizogam.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana gitjek bolup gören boldumy? Türkmenistana Riýaddaky türkmenlerden gidip-gelýän ýokmy?

Aman Batyr: Riýaddaky türkmenleriň arasynda Türkmenistana gidip-gelýänler bar. Ynha, golaýda Türkmenistanda geçirilen haly baýramçylygy dabarasyna gidip-gelenler boldy.

Azatlyk Radiosy: Aman Batyr, döwrebap tehnologiýadan peýdalanýan we internet ulanýan ýaşlaryň Türkmenistan barada bolmasa-da iň azyndan başga dürli ýurtlardaky dünýä türkmenlerinden habary bolanokmy?

Aman Batyr: Sosial ulgamlar arkaly esasanam Eýrandaky türkmenler bilen gaty köp gürleşýäris. Dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen öz aramyzda dürli toparlar bar we olar bilen ynha şol sosial ulgamlarda gatnaşyp durus. Meniň özümiň “Zello” ulgamynda “Andhoý” atly dürli ýurtlardaky türkmenler bilen duşuşýan bir kanalym bar.

Azatlyk Radiosy: Sosial ulgamlardaky gürrüňdeşlikleriňizde beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen dil babatda gowy düşünşip bilýäňizmi? Olar bilen dilde ýagny düşünişmeklikde bir kynçylyk bolýarmy?

Aman Batyr: Eýranda ýaşaýan türkmenler edil biziň özümiz ýaly gürleşýärler. Olar bilen edil öz aga-inilerimiz bilen gepleşýän ýaly bolýarys. Owganystanly we Eýranly türkmenleriň arasynda dilde düşünişmezlik kynçylygy ýok. Türkmenistanlylaryň gepleýşi bolsa biziňkilerden biraz üýtgeşigräk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG