Sepleriň elýeterliligi

Braziliýada protestler dowam edýär


Soňky birnäçe gün bäri Braziliýanyň dürli şäherlerinde giň gerimde protest demonstrasiýalary dowam edýär.

Demonstrasiýaçylar hökümet derejesindäki korrupsiýa, ýaramaz hökümet dolandyryşyna we geljek ýylky dünýä futbol çempionatyna çakdanaşa uly çykdajylaryň sarp edilmegine protest bildirýärler.

Sişenbe güni agşamlyk Braziliýanyň iň uly şäheri bolan San-Paolo şäherindäki baş hristian ybadathanasynyň öňüne 50 müň töweregi protestçi ýygnandy. Şondan bir gün öň bu şäheriň köçelerine 200 müň töweregi protestçiniň çykandygy habar berlipdi.

Braziliýanyň prezidenti Dilma Russef jemgyýetçilige edilýän hyzmatlaryň we hökümet dolandyryşynyň gowulandyrylmagyna zerurlygyň bardygyny boýun aldy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol Braziliýadaky häzirki demonstrasiýalara ýurtdaky “demokratiýanyň güýjüni görkezýän” bir alamat hökmünde baha berdi.
XS
SM
MD
LG