Sepleriň elýeterliligi

Çehiýa: Gürjüstanly jenaýat lideri tutuldy


Sişenbe güni Çehiýanyň polisiýasy paýtagt Pragada gürjüstanly guramaçylykly jenaýat toparynyň başlygyny we onuň ýerli toparyny tussag etdi.

Çehiýanyň polisiýa resmileri gürjüstanly jenaýat toparynyň 46 ýaşly lideriniň “Kutaisi jenaýat topary” diýlip atlandyrylýan toparyň agzasy diýlip hasaplanylýandygyny aýdýarlar. Ýöne häzirlikçe tussag edilen bu guramaçylykly jenaýat toparynyň lideriniň ady aýan edilmeýär.

Şu hepde Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurdunda geçirilen operasiýalarda “Kutaisi jenaýat toparynyň” agzalary diýlip güman edilýän 32 adam tussag edildi.

Bu tussag edilenlerden käbirlerine reket etmek, adamlaryň janyna kast edişlikleri gurnamak we bikanun pul ýuwmak ýaly jenaýatçylyklarda aýyplamalar bildirilýär.
XS
SM
MD
LG