Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Samarada ýarag ammary partlandy


Çarşenbe güni irden Orsýetiň Samara oblastyndaky harby türgenleşik merkeziniň bir ýarag ammarynda partlama ýüze çykdy.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky ministrliginiň krizisler boýunça merkeziniň başlygy Wladimir Stepanow bu partlamanyň ýüze çykan ýerine golaý ýerdäki obalardan 6 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

“Bu zonadan jemi 6 müň 489 adam ewakuasiýa edildi. Medisina kömegi üçin 33 adam ýüz tutdy, olardan 10-sy keselhana ýerleşdirildi. Ir sagat 6-da howa gözegçiligi geçirildi we bu gözegçiligiň netijesinde bu territoriýada iki sany ýangyn nokadynyň bardygy anyklanyldy” diýip, Wladimir Stepanow ýagdaýy suratlandyrdy.

Resmiler bu partlamada ýumrulan jaýlaryň harabalyklarynyň birinden bir adamyň jesediniň tapylandygyny aýdýarlar. Ýarag ammarynyň partlanmagynyň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG