Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Köpetdag: Awtoduralgalara çäklendirme girizilýär


Aşgabatda ulag serişdesini ýöriteleşdirilen duralgalarda goýmak barada asylan bildiriş.

Aşgabatda ulag serişdesini ýöriteleşdirilen duralgalarda goýmak barada asylan bildiriş.

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkimligi soňky döwürlerde ýaşaýyş jaýlaryň öňünde, ýanýollarda we beýleki döwlet tarapyndan bellige alynmadyk ýerlerde awtoulaglary goýmaklygyň gadagan edilýändigi baradaky bildirişi ýaşaýyş jaýlaryň girelgelerinde asyp goýupdyr.

Bu talabyň berjaý edilmedik ýagdaýynda ony bozanlaryň kanuna laýyklykda administratiw jogapkärçilige çekiljekdigi barada duýduryş berilýär. Nähili çäreleriň görüljekdigi takyk görkezilmese-de, käbir ýaşaýjylar bu düzgüniň jerime salmak ýaly çäreleri öz içine aljakdygyny çaklaýarlar.

“Öňem birnäçe gezek şunuň ýaly duýduryş berlipdi. Şonda gijelerine ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda awtoulaglaryny goýanlaryň awtoulag nomerleri aýrylyp, 10 manat jerime töledipdiler” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Röwşen gürrüň berýär.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňüne park edilen awtoulaglar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňüne park edilen awtoulaglar.

Şol bir wagtyň özünde-de sowet döwründe gurlan ýa-da şol döwrüň proýekti boýunça gurlan garaşsyzlyk döwrüniň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylary üçin awtoulaglaryny goýmak öňden gelýän problema. Elit diýilýän jaýlardan tapawutlylykda bu jaýlarda ýerzemin garažlary ýok.

Paýtagtyň käbir mikroraýonlarynda hususy garažlar üçin ýörite ýerler bardy. Emma häzir paýtagt boýunça şol garažlary ýok etmek kampaniýasy hem alnyp barylýar. Mysal üçin, paýtagtyň 5-nji mikroraýonyndaky hususy garažlaryň ählisi diýen ýaly ýumruldy.

Soňky döwürlerde ýörite awtoduralgalaryň gurulýandygyna garamazdan, olar sanlary gün saýyn köpelýän awtoulag eýeleriniň talabyny ödänok. Aýdylyşyna görä, täze gurlan awtoduralgalarda ýaşaýjylaryň awtoulaglaryndan, satuwa goýlan awtoulaglaryň sany köp.

Bu ýagdaýa soňky 1-2 ýyl bäri paýtagtyň Parahat mikroraýonynda açylan täze awtoduralgalarda hem göz ýetirmek mümkin.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňüne park edilen awtoulaglar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňüne park edilen awtoulaglar.

Şeýlede, gurlan bu awtoduralgalardan adamlaryň ýeterlik peýdalanyp bilmezliginiň ýene bir sebäbi hem onuň ýerleşýän ýeriniň adamlar üçin amatsyzlygyndan. Awtoduralgalaryň köpüsi sürüjileriň ýaşaýan ýerlerinden uzakda ýerleşýär.

“Diňe şol awtoduralgalaryň golaýynda ýaşaýan sürüjileriň käbirleri awtoduralgalarda maşynlaryny goýaýmasalar, olaryň aglabasy awtoulaglaryny öz ýaşaýan jaýlarynyň golaýynda goýanlaryny gowy görýärler” diýip, Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Durdy aýdýar.

Ýakyn wagtda paýtagtyň Parahat-1-2 mikroraýonlarynda üç sany dört gatly awtoduralganyň açylmagyna garaşylýar. Käbir sürüjileriň aýtmaklaryna görä, mermer bilen örtülen şol duralgalar eýýäm müşderilerden dolupdyr. Emma täze duralgalaryň golaýynda ýaşaýan sürüjileriň köpüsi gurluşygy tamamlanmadyk şol duralgalarda ýer paýlanýandygyndan bihabar galypdyrlar.

“Täze açyljak awtoduralgalarda ýer almak üçin nirä ýüz tutulmalydygyny hem bilemizok. Ýogsam, men şol duralgalaryň biriniň edil gabadynda ýaşaýaryn” diýip, aşgabatly sürüji Röwşen aýdýar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňüne park edilen awtoulaglar.

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň öňüne park edilen awtoulaglar.

Gurulýan bu awtoduralgalaryň şäheriň awtoduralga problemasyny çözmäge näderejede goşant goşjakdygy barada häzirlikçe belli bir zat aýtmak kyn.

Emma şol bir wagtyň özünde-de köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda awtoulaglaryň goýulmagyndan biynjalyk bolýan, şol sebäpdenem häkimligiň bu kompaniýasyna oňaýly garaýan ildeşlerimiz hem bar.

“Meniň ýaşaýan dokuz gatly jaýymyň golaýynda, esasan, agşmara-gije, her kim işden gelen wagty awtoulag köp bolýar. Şol awtoulaglardan ýaňa jaýyň golaýyndan geçer ýaly däl” diýip, Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Durdy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde gürrüň berdi.

Garaz, paýtagtyň Köpetdag etrabynyň häkimliginiň awtoulaglaryň durmaly ýeri baradaky duýduryşy hakda halk arasynda dürli pikirler bar. Käbirleri oňa oňyn garasa, käbirleri bu çäräniň ilki şol duýduryşy berjaý etmäge şert döredilmän, ýüzugra amala aşyrylsa, ýüzlerçe awtoulag sürüjileriň kösenmegine sebäp boljakdygyny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG