Sepleriň elýeterliligi

Obama ýaraglaryň kemeldilmegine çagyryş etdi


Barak Obama Berlindäki Brandenburg derwezesiniň öňünde çykyş edýär. Berlin, 19-njy iýun, 2013.

Barak Obama Berlindäki Brandenburg derwezesiniň öňünde çykyş edýär. Berlin, 19-njy iýun, 2013.

Çarşenbe güni Berlinde eden çykyşynda amerikan prezidenti Barak Obama Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň mundan beýläk hem özleriniň ýadro ýaraglarynyň baş sanyny üçden bir bölege çenli azaltmalydygyny öňe sürdi.

Obamanyň öňe sürýän planyna görä, Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň bilelikde kemeltmeli ýadro ýaraglarynyň jemi sany 1 müň töweregi bolmaly.

Berlindäki Brandenburg derwezesinde müňlerçe adamyň adamyň öňünde eden bu çykyşynda prezident Obama: “Heniz ýadro ýaraglary barka, biz hakyky manysynda howpsuz däl” diýip belledi.

Obamanyň prezidentliginiň ozalky möhletinde Birleşen Ştatlar bilen Orsýet her biri aýratynlykda strategik ýadro ýaraglarynyň sanyny 1 müň 550 san möçberinde azaltmak barada ylalaşypdylar.

Orsýet optimist görünmeýär

Barak Obama indi Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň Ýewropadaky öz taktiki ýaraglarynyň sanyny-da azaltmalydyklaryny öňe sürdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, Obama ýaraglary kemeltmek barada öz göz öňünde tutýan planlaryny durmuşa geçirmekligiň möhletleri barada anyk bir zat aýtmady.

Öz gezeginde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwada eden çykyşynda Orsýetiň strategik ýadro ýaraglarynyň sany meselesinde deňagramsyzlyga ýol berip bilmejekdigini belledi.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin hem Gündogar Ýewropa regionynda ABŞ-nyň raketa gorag sistemasyny ýerleşdirmeklige aýak direýän bir wagtynda amerikan prezidentiniň strategik ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak planlaryna “çynlakaý” garalyp bilinmejekdigini aýtdy.

Prezident Obamanyň Berlindäki Brandenburg derwezesinde eden çykyşy ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jon F.Kennediniň şol wagty ikä bölünen Berliniň ilatyna raýdaşlyk bildirip eden meşhur çykyşynyň 50 ýyllygyna gabat geldi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG