Sepleriň elýeterliligi

Adam gaçakçylygy barada hasabat çykdy


Penşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaýradan ýyllyk hasabatynda adam gaçakçylygy meselesinde Özbegistan, Orsýet we Eýran iň bir ýaramaz ýurtlaryň hatarynda goýlupdyr.

Döwlet departamenti adam gaçakçylygyna garşy göreş meselesinde bu ýurtlaryň hökümetlerinde anyk planlaryň we strategiýanyň ýokdugyny aýdýar.

Bu hasabatda adam gaçakçylygy meselesinde ýaramaz ýurtlaryň ikinji toparyna Owganystan, Ukraina, Albaniýa, Belarus we Türkmenistan girizilipdir. Bu ýurtlarda-da adam gaçakçylygyna garşy ýeterlik çäreleriň görülmeýändigi aýdylyp, bu ýagdaý tankyt edilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary şu günki gün tutuş dünýä boýunça 27 million töweregi adamyň adam gaçakçylygy jenaýatçylygynyň pidalary diýlip hasaplanylýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG