Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Karzaý bilen telefonda gürleşdi


Penşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Owganystanyň prezidenti bilen telefon arkaly gürleşip, talybanlar bilen gepleşik geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Bu wakanyň öňýany Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Katarda talybanlaryň syýasy ofisiniň açylmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

Aýratynam talybanlaryň öz Katardaky edaralaryny “Owganystan yslam emirligi” diýip atlandyrmaklary Owganystanyň prezident administrasiýasynda uly nägilelik döretdi.

Bu at talybanlar tarapyndan 1996-2001-nji ýyllar aralygynda Owganystany dolandyranlarynda Owganystan babatda ulanylypdy. Hamid Karzaý talybanlar bilen islendik bir gepleşikleriň Owganystanyň öz içinde ýola goýulmalydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG