Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Ysraýylyň ilkinji ilçisi bellendi


Çarşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Ysraýylyň Türkmenistana bellenen ilkinji adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemi Suryň ynanç hatyny kabul etdi.

Bu duşuşykda Ysraýylyň ilçisi türkmen prezidentine öz ýurdunyň prezidenti Şimon Peresiň salamyny gowşuryp, onuň Türkmenistan bilen doly derejeli dialoglary ýola goýmaga çuňňur gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şemi Sur Türkmenistan bilen Ysraýylyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada-da pikir alyşdylar.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýandyklaryna garamazdan, şu günki güne çenli Ysraýyl Türkmenistan boýunça ilçi bellemändi.

2009-njy ýylda Ysraýyl özüniň “Massad” gizlin gullugynyň ozalky agenti Ruwen Danieli Aşgabada ilçilik wezipesine bellemekçi bolanda, Türkmenistan onuň kandidaturasyny kabul etmändi.
XS
SM
MD
LG