Sepleriň elýeterliligi

Ýat ilde galan türkmen


Herson şäherindäki gonamçylyk. Ukraina. 2013 ý.

Herson şäherindäki gonamçylyk. Ukraina. 2013 ý.

Şeýle möhüm meseleler bolup, ol umumy adamzat medeniýetiniň derejesine degişli bolýar. Dereksiz ýitenleri yzarlamak, ýat ýerlerde galan ildeşleriňi tapmak hem tanamak, olar baradaky mümkin bolan maglumatlary aýan etmek her bir halkyň medeni derejesi saylýar.

Meselem, kiçijik Awstriýa döwletinde geçen asyrda, aýratyn-da 2-nji Jahan urşy döwründe dereksiz ýitenleri gözleýän we öwrenýän ýörite institut bar.

Dogrusyny aýtsak, geçen asyrda şeýle ýitgi Türkmenistanda-da az bolmady. Entek 2-nji Jahan urşy başlanmanka, Graždanlyk urşy uzak ýyllap dowam etdi. Ondan soňky ýyllarda, aýratyn-da kollektiwizasiýa döwünde gaty köp ynsan synpy duşman hökmünde ýok edilipdi.

Ençeme maşgala baýlar toparynda hasaplanyp, öz oturymly ýerinden sürgün edildi. Şol döwürde SSSR-iň ýowuz diktatory Iosif Staliniň ýörite görkezmesi hem ýerlerdäki dikmeleriň eden-etdiligi bilen 20 million çemesi adam atylyp ýa-da açlyk zerarly ýok edilendir diýlen çaklama bar. Olaryň arasynda türkmenler hem az bolmandyr.

Taryhyň bu gara sahypasy 80-nji ýyllaryň aýagyndan, azda-kände açylyp başlanan bolsa-da, enteklerem doly ugrugyp barmaýar. Sebäbi bu iş hut taryhçylara hem degişli däl, ol owaly bilen şol halkyň medeni derejesine bagly. Şonuň üçin bu iş bilen her bir ynsan, şol sanda žurnalistleriň içgin gyzyklanmagy zerur hasaplaýarlar.

Eýsem, geçen asyrda mejbury ýagdaýda türkmenlerden näçeräk adam ýok edildi? Elbetde, muny hiç wagtda takyk aýdyp bolmaz. Ýöne barlaglar dowam etse, at-dereksiz ýitenleriň ençemesi belli bolardy.

Golaýda şeýle gözlegleriň birinde bolup gelen Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugynyň habarçysy Amirbek Usmanow şeýle gürrüň berýär.

Amirbek: Sowet häkimiýeti Iosif Staliniň ýolbaşçylygy astynda, 20-nji ýyllaryň aýagynda, 5 ýyllyk plany, şonuň ýany bilen birlikde-de hojalyklary kollektiwleşdirmek planyny işläp taýýarlady.

Muňa millet, aýratyn-da oba ýerleriniň adamlary garşylyk bildirdirler. Şeýle garşylyk Merkezi Aziýada, şol sanda Gyrgyzystanda hem Türkmenistanda ýüze çykypdyr. Ol garşylyk beýle bir ýiti bolmandyr, o döwürde ýiti garşylyk bolubam bilmejekdi.

Şeýle-de bolsa, Sowetleriň planyna garşy meýillere Moskwa başgaça seredip, adamlary kulaklyga çekmek barada görkezme taýýarlaýar. Munuň üçin olar barly maşgalalary saýlap alypdyrlar. 1931-nji ýylyň iýun aýynda tutuş Soýuzyň ähli ýerlerinden baý-kulaklyga çekilmelileriň sanawy taýýarlanýar.

Meniň elimde şol planyň göçürmesi. Özbegistandan 8346, Türkmenistan boýunça 6322, Gyrgyzystandan 2055, Täjigistandan hem 1632 adam. Şu dört respublikadan jemi 18356 adam kulaklyga çekilmeli edilýär.

Şol görkezmäni ýerine ýetirmek üçin, GPU – Döwlet syýasy edarasy ýerlerde baý-kulak saýylýanlary tutup, ýurduň çäginden daşara sürgün edip başlapdyr. Olar köp ýerlere, şol sanda Ukraina hem sürgün edilipdir.

Men Ukrainanyň Herson oblastynyň arhiwinde boldum. Olar, hamana, ýerli halka gowaça ekmäni öwretmek üçin göçürilip getirilipdirler. Häzirki wagtda-da türkmenleriň, özbekleriň, gyrgyzlaryň köplükde ýaşan obalaryndan bolan adamlar, Staliniň olary pagta ösdürip ýetişdirmäge iberilendigini aýdýarlar. Häzire çenli-de olaryň “halk duşmany” hökmünde öz ýerlerinden göçürilendigini köp adam bilmeýär.

Azatlyk Radiosy: “Gowaça ösdürip ýetişdirmäge” baranlaryň soňky takdyry nähili bolupdyr?

Amirbek: 32-nji ýyldan başlap, mydama olaryň arasyndan, hamana, häkimiýete garşy ündew edýänleri tutup başlapdyrlar. Olar, hamana, ine, birden Ýaponiýa ýa-da Germaniýa çozjakmyş, Sowet hökümeti dargajakmyş, täze hökümet dörejekmiş şekilli habarlary aýdýarmyşlar.

Şeýlelikde, 1938-nji ýylda, hamana, Sowetlere garşy milli gozgalaňa, takyk aýdylanda “Gyrgyzystanyň Milli azat ediji gozgalaňçy hereketine” we “Özbegistanyň Milli azat ediji gozgalaňçy hereketine” gatnaşyjylar hökmünde 61 adam atuwa höküm edilýär.

Gynansak-da, türkmenlerden men diňe bir familiýany ýazyp alypdyryn, Atabaýew Esen, doglan ýeri Garadaş. Türkmenistan. Bilimi ýok. Türkmen.

Azatlyk Radiosy: Ol nirede ýaşapdyr?

Amirbek:
Ol Surepin raýonynyň Çalaba:sy obasynda ýaşapdyr, şol ýerde gyrgyzlaram, özbeklerem ýaşapdyrlar. Özlerem başgalardan tapawutlylykda, türkmenler bir aýry ýerde, gyrgyzlar bir aýry, özbeklerem başgarak ýerde oturypdyrlar.

Ol ýerde gyrgyzlardan maşgalasy bilen 200 çemesi adam bar ekeni. Olardan mysal hökmünde aýtsam, Atabaýew Esen Sowetlere garşy milli gurama gatnaşyjy hökmünde, Üçlügiň hökümi bilen 1938-nji ýylyň 26-njy oktýabrda atuwa höküm edilýär. 38-nji ýylyň 1-nji noýabrynda hem atylyp öldürilýär.

Azatlyk Radiosy: Amirbek, hakykatdanam şeýle gurama bolupmy?

Amirbek: Ýok. Düýpden bolmandyr. Bilýäňizmi, 37-nji ýylda Staliniň täze görkezmesi bolupdy. Şonda ykdysadyýet az-kem janlanan ekeni. 34-nji ýylda Bolşewikler patiýasynyň düzümindäk ýolbaşçy topardan, başga pikirliler atuwa höküm edilensoň, halk arasynda dürli gep-gürrüň döräp başlady.

Şeýle şübhe bolmaz ýaly, adamlary ikinji gezek tussaga çekmek kompaniýasy başlanýar hem jeza çäreleri geçirilýär. Jeza höküm edilenlerden biri tötänlikde diri galypdyr.

Onuň aýtmagyna görä, diňe Esen Atabaýew barada aýtsak, “ol gana bulanyp ýatan ekeni, aýaklaryny döwüpdirler. “Eger seniňem şolar ýaly bolasyň gelmese, aýt, saňa näme aýdanlaryny” diýipdirler. Ol bu görkezmäni 56-njy ýylda beripdir.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, täzeden tutha-tutluk başlanýar-da?

Amirbek: 37-nji ýylda berk gizlin ýagdaýda, Staliniň ýolbaşçylygy astynda şeýle tabşyryk berilýär. Şonda Sowet hökümetine garşy pikir ýöredýänleri, baý-kulaklary ýygnamagyň ikinji tapgyry dowam edýär.

Meselem, Türkmenistandan esasan baýlar hökmünde 500 adamy tussag etmeli. Olaryň yz ýanyndan, ýene 1500 adamy, jemi 2 müň adam. Birinji tapgyra düşenleriň köpüsi atylyp öldürilipdir.

Azatlyk Radiosy: Indi şol ýowuzlykdan maksat näme?

Amirbek: Bilýäňizmi, bu diňe milletde gorky döretmek usuly. Ol ýerde meniň gören delolarymyň – işlerimiň arasynda bir däl, onlarça türkmen atuwa höküm edilipdir.
XS
SM
MD
LG