Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam gaçakçylygy: Özbegistan, Orsýet pes baha aldy


Jon Kerri täze hasabat bilen tanyşdyrýar, 19-iýun, 2013 ý.
Jon Kerri täze hasabat bilen tanyşdyrýar, 19-iýun, 2013 ý.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň dünýäde adam gaçakçylygynyň ýagdaýy boýunça taýýarlaýan ýyllyk hasabatynda Özbegistan bilen Orsýet mümkin bolan iň pes derejäni aldy.

Eýran bilen bilelikde, bu iki ýurt Waşingtonyň iň pes bahasyna mynasyp boldy, sebäbi olaryň hökümetleri bu problema baş galdyrmandyr we ony çözmek boýunça anyk plan düzmändir. Jeza hökmünde, Birleşen Ştatlaryň bu ýurtlara berilýän haýsam bolsa bir daşary ýurt kömegini togtatmak pikirine gelmegi mümkin.

Döwlet sekretary Jon Kerri 19-njy iýunda Waşingtonda bu hasabat bilen tanyşdyryp, şeýle diýdi:

“Biz bu işi başga adamlary ýazgarmak üçin däl, eýsem bu meselede öňegidişlik, üýtgeşiklik getirip biljegimiz üçin edýäris. Biz özümiziň dünýä ýüzündäki partýorlarymyz bilen täze çemeleşmeleri, täze praktikalary işläp düzmek üçin işlemegi dowam etdireris. Şeýle-de biz bu mesele boýunça hökümetler bilen gatnaşykda bolmagy dowam etdireris, sebäbi häzirki zaman gulçulygy dünýädäki her bir hökümete, şol sanda Birleşen Ştatlara hem täsir ýetirýär. Onsoň bu meseläni çözmeklige her bir hökümet jogapkär we häzirlikçe hiç bir hökümet ýeterlik iş edenok.”

"Eziş" şertleri

Hasabatda aýdylmagyna görä, mejbury zähmet Orsýetdäki adam gaçakçylygy problemasynyň agramly bölegini düzýär. Migrasiýa barlaglary merkeziniň statistiki maglumatlaryna görä, bu ýurtda dokumentleriniň ellerinden alynmagy, iş haklarynyň berilmezligi, fiziki ejir, adatdan daşary kyn durmuş şertleri esasynda, bir million çemesi adamyň “eziliş” şertlerinde işleýändigigi ýüze çykarylypdyr.

Özbegistanda bolsa, hasabatda aýdylmagyna görä, ýyllyk pagta ýygymy mahalynda içki zähmet gaçakçylygy agdyklyk edýär. Bu döwürde çagalar we ulular hökümet tarapyndan guralýan mejbury zähmetiň pidalaryna öwrülýärler.

Gaçakçylar tutulýar, emma...

Birleşen Ştatlaryň adam gaçakçylygyna garşy gözegçilik we göreş boýunça ilçisi Luiz Sidabaku 2012-nji ýylda adamlary gulçulyga mejbur edeni üçin jeza berlen jenaýatçylaryň sanynyň artandygyny aýtdy:

"Bu işde gazanylan üstünlikleriň biri, adam gaçakçylarynyň türmä basylmagy 20 prosent çemesi ýokarlandy. Biz geçen ýyl dünýäde adam gaçakçylygy üçin 4746 çemesi adamyň jeza çekmeli edilendigini anykladyk. Şeýle-de, adam gaçakçylygynyň kesgitlenen pidalarynyň sany hem, 46500 çemesi bolup, ýokary galmagyny dowam etdirýär. Gynansak-da, dünýäde gulçulyk ýagdaýyna salnan 27 million çemesi adamdan diňe 46 müň çemesi pidanyň bilinmegi biziň öňümizde duran synagyň nähili uludygyny görkezýär."

Ikinji ýaramaz derejeliler

Döwlet departamentiniň ikinji ýaramaz derejesini alan ýurtlaryň arasynda Owganystan, Ukraina, Albaniýa, Belarus we Türkmenistan bar.
Özbek pagtaçylary.
Özbek pagtaçylary.

Bu ýurtlar “gözegçilik sanawynda”, sebäbi adam gaçakçylygyna pida bolýan adamlarynyň sany artsa-da, olaryň hökümetleri bu problema garşy durmak üçin esli tagalla edýär.

Owganystan indi tapgyr dördünji ýyl “gözegçilik sanawynda” dur, emma ol awtomatiki suratda pes derejä düşürilmekden saklanyldy, sebäbi bu ýurduň hökümeti adam gaçakçylygyna garşy göreş planyny işläp düzdi.

Kerpiç we haly sanagatynda, öý hyzmatkärliginde, dilegçilikde, jynsy gulçulykda, neşe söwdasynda mejbury zähmete sezewar bolýanlaryň hasabyna, Owganystanda içerki çaga gaçakçylygynyň giň ýaýrandygy aýdylýar.

Azerbaýjan Bosniýa we Hersogowina, Kosowa, Gürjüstan, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Rumyniýa we Täjigistan ikinji-gowy derejesini aldy.

Luiz Sidabaku yrakly Bassam al-Nasseriniň bu meselede eden işine uly baha berdi, ol adam gaçakçylygynyň pidasy bolup, Yrakda agyr şertlerde saklanylýan 35 sany ukrian we bolgar gurluşykçysyny halas edipdir.
XS
SM
MD
LG