Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Daşardaky türkmenistanlylar: “Pasport derdiniň” dermany näme?


Orsýetdäki türkmenler

Orsýetdäki türkmenler

Türkmenistan ors-türkmen goşa raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylara 17-nji iýundan başlap Türkmenistanyň täze nusgadaky biometrik pasrortynyň berlip başlanýandygyny yglan etdi.

Diplomatiki çeşmelerden alnan maglumata görä, 2003-nji ýylyň iýunyna çenli ors pasportyny alan we Türkmenistanda ýazgysy, propiskasy bolan türkmenistanlylara täze nusgadaky biometrik pasport berilýär.

Görnüşinden, ýaşaýan ýeriňde hasaba alynmak, propiska meselesi türkmenistanlylaryň täze nusgadaky biometrik pasport almagynda hem belli bir bökdençlik döretjege çalym edýär.

Mälim bolşy ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda müňlerçe türkmenistanly daşary ýurtlara çykdy we şol ýerlerde ýaşamagyny dowam etdirýär.

Şol bir wagtda türkmen kanunçylygy olaryň öz ýurtlaryna gelmek we gitmek hukuklaryny ykrar edýär. Mundanam başga, ýeterlik kanuny esasy bolmasa, ýa raýatyň özi ýüz öwürmese, türkmenistanlylar öz watanlarynyň raýatlygyndan mahrum edilip bilinmeýär.

Meseläniň ýene bir tarapy Türkiýede, goňşy Eýranda, özbegistanda, Owganystanda we beýleki ýurtlarda şol ýurtlaryň raýatlary bilen durmuş guran türkmenistanlylar hem bar. Olaryň käbiri Azatlyk Radiosyna hat ýazyp, telefon edip, özleriniň ata watanlaryna barmak, garyndaşlaryny görmek, yzlaryna dolanmak meselesinde bir topar soraglarynyň bardygyny aýdýarlar.

Bu soraglar garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň beýleki bir topar ýurtlaryna, Ýewropa, Birleşen Ştatlara, Kanada düşen türkmenlerde hem bar.

Azatlyk Radiosy bu meseleler barada pikir alyşmak üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen synçylaryny, Şwesiýadan türkmen parlamentiniň öňki deptaty Halmyrat Söýünowy, Germaniýadan žurnalist Näzdürlini, Türkiýeden žurnalist Döwlet Baýhany telefon söhbetdeşligine çagyrdy.

Belki, söhbeti diňläp, sizem pikiriňizi ýazarsynyz!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG