Sepleriň elýeterliligi

Şabunts: Pasportyň berilmegi begendirdi hem gynandyrdy


Türkmenistanyň pasportlary

Türkmenistanyň pasportlary

Türkmenistanda goşa raýatlygy bolan adamlara täze biometriki pasportlar berlip başlandy. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar bu resmi kararyň köp garaşylan habar bolandygyny aýdýarlar. Emma şol bir wagtda-da bu habaryň gynanç döredendigini hem belleýärler. Näme sebäpden?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň we Orsýetiň raýaty, türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabunts bilen Moskwada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň goşa raýatlyga eýe bolan adamlara, hususan-da, 2003-nji ýyla çenli orsýet raýatlygyny alanlara-da, eger olaryň Türkmenistanda propiskasy bolsa, taze türkmen pasportlarynyň berlip başlanandygy baradaky habary siz nähili kabul etdiňiz?

Natalýa Şabunts: Hemmäniň köpden bäri garaşan habaryny okanymda bu mende diňe begenç döretdi diýip biljek däl. Bir tarapdan, begenç döretse, beýleki tarapdan, gynanç duýgusy hem boldy.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin?

Natalýa Şabunts: Sebäbi mende şeýle karara gelmek üçin bäş ýyllap adamlary gynamak we ezmek nämä gerek bolduka diýen pikir döredi. Meniň özüm goşa raýatlyk bilen bagly proseslere ýurduň içinden syn edipdim, olara özümem gatnaşypdym.

Men Türkmenistany öz watanym hasap edýän we söýýän ençeme maşgalalaryň pasport bermän, şantaž edilendigi zerarly ýurdy terk edip gitmeli bolandygyna şaýat boldum. Olaryň ykbaly meni örän gynandyrýar. Pasport berilmänsoň ýurdy gyssagly terk etmeli bolan adamlaryň indi pasport berlip başlansoň özlerini nähili duýýandygyny göz öňüne bir getirip görüň.

Köpler häzir aglaýarlar. Olaryň köpüsinde Türkmenistany terk etmek niýeti ýokdy. Emma olar 10-njy iýula çenli bir raýatlygy saýlamaly diýlensoň, öz öýlerini, ýyllar boýy edinen emlägini köpüge satyp, göçüp gitmeli bolupdy. Sonuň üçin, soňky bäş ýylyň dowamynda häkimiýetler pasport meselesinde adamlary şantaž etdi we gysaja salyp, ezdi diýip hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Adamlaryň Tükmenistandan göçüp gitmegi bilen bagly ýagdaýlar haçan boldy?

Natalýa Şabunts: Bu, esasan, soňky aýlarda bolan ýagdaý. Men 15-nji aprelde Türkmenistandan Orsýete gaýdanymda, göçüp barýan maşgalalary gördüm. Soň maý aýynyň aýagynda men ýene Orsýete gaýdypdym. Şonda uçaryň ýarpysy Türkmenistandan hemişelik goçüp barýan maşgalalardy. Olar Türkmenistany terk etmek islemeýändiklerini, diňe pasport problemasy zerarly mejbury göçüp barýandyklaryny gürrüň beripdiler.

Bu örän agyr döwür we gözgyny ýagdaý bolupdy. Adamlar her gününi diýen ýaly meseläniň çözgüdine umyt edip garaşyp geçiripdi. Türkmen prezidentiniň aprel aýynda eden çykyşyndan soň hemmeler Migrasiýa gullugyna tarap ugrapdy, emma “garaşyň, entek gutarnykly karar ýok” diýlensoň, adamlar ýene garaşmaly bolupdy. Başda üç hepde garaşyň diýlen bolsa, soňra “ýok, pasport berilmeýär, orsýet raýatlygyndan el çekiň” diýip, häkimiýetler tarapyndan aýdylypdy.

Meniň özüm maý aýynda, Türkmenistandan Orsýete gaýtmazdan ozal, Migrasiýa gullugyna barypdym. Emma maňa “häzirlikçe ýok, meseläniň iýula golaý çözülmegi ähtimal diýip jogap beripdiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandan hemişelik gaýdanlar etnik orslardymy?

Natalýa Şabunts: Hawa, Türkmenistandan giden maşgalalaryň biri köpden bäri Türkmenistanda ýaşapdy. Olaryň birnäçe nesli ýurtda doglup, şol ýerde önüp-osüpdi. Olar, Migrasiýa gullugyndan jaň edip, haýsy-da bolsa bir raýatlygy tiz saýlamaklaryny yzygiderli talap edip duransoňlar, Türkmenistany terk etmek kararyna gelipdirler.

Şol maşgalanyň bir agzasy ýaş spesialist. Onuň işlän zawodynda ýaş spesialistler düýpden ýok diýen ýaly. Ine, şeýle ýagdaýda, hatda spesialistler ýetmezliçilik edýärkä-de, adamlar ýurdy terk etmäge mejbur bolupdylar. Men Türkmenistanyň demirýolynda işlän otly sürüjileri-de bilýärin. Olar hem, Türkmenistanda işi bolsa-da, başyny alyp ýurduny terk etmäge mejbur boldular.

Şeýle ýagdaýda pasport bilen bagly hoş habary eşideniňde-de, häkimiýetler adamlaryň durmuşyny agyrlaşdyrmak üçin ýene näme oýlap taparlarka diýen pikir isleseň-islemeseň-de döreýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG