Sepleriň elýeterliligi

Özbek-gyrgyz serhedinde bir adam atyldy


Penşenbe güni irden Özbegistanyň serhet gullukçylary özbek-gyrgyz serhedinde Gyrgyzystanyň bir raýatyny atyp öldürdiler.

Bu waka penşenbe güni irden Gyrgyzystanyň “Aýdarken” serhet geçelgesiniň golaýynda ýüz berdi. Ýöne 37 ýaşly gyrgyz raýatynyň nähili ýagdaýda atylyp öldürilendigi heniz anyk bolman galýar.

Bu wakanyň yzy bilen şol gün atylyp öldürilen bu gyrgyz raýatynyň dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň 200-e golaýy Oş-Batken transport ýoluny baglap, Gyrgyzystanyň häkimiýetlerinden bu bolan wakany düýpli derňemekligi talap etdiler.

Özbegistan tarapy häzirlikçe bu bolan waka barada resmi beýanat etmedi.
XS
SM
MD
LG