Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Manasy ýapmak meselesine garaldy


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň parlamenti bu ýurtdaky NATO-nyň harby tranzit merkezini ýapmaklygyň möhletini kesgitläp ses berdi.

Deputatlar Manas merkeziniň ulanylmagy barada Gyrgyzystan bilen Birleşen Ştatlaryň gol çeken ylalaşygynyň güýjüni geljek ýylyň 11-nji iýulynda ýatyrmaklygy oňlap ses berdiler.

Baglaşylan ylalaşygyň düzgünine görä, Gyrgyzystanyň häkimiýetleri tranzit merkeziniň ýapylmagy üçin Birleşen Ştatlara azyndan 180 gün öňünden resmi nota göndermeli. Indi bu baradaky karar Gyrgyzystanyň prezidenti tarapyndan tassyklanylmaly.

Bu Manas tranzit merkezi 2001-nji ýyldan bäri NATO-nyň güýçleri tarapyndan harby tranzit çäreleri üçin ulanylyp gelinýär we onda häzirki wagt bir müň töweregi amerikan harbysy ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG