Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bütindünýä Bosgunlar Güni bellenilýär


Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan halkara derejesinde Bütindünýä Bosgunlar Güni bellenilip geçilýär.

Bu waka gabatlap ýaýradan hasabatynda BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasy geçen ýyl tutuş dünýä boýunça bosgunlaryň sanynyň soňky 18 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetendigini aýdýar.

Bu hasabata görä, geçen ýyl bosgunlaryň sany 45 million 200 müňe ýetipdir. BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasy bu ýagdaýa Siriýadaky, Malidäki we käbir beýleki regionlardaky syýasy hem-de harby konfliktleriň has-da itergi berendigini belleýär.

Bu guramanyň maglumatyna görä, diňe Siriýanyň özünde geçen ýyl ýurduň öz içinde ýaşaýan ýerlerini terk eden adamlaryň sany 4 milliondan hem gowrak bolupdyr, ýene 1 million 600 müňden gowragy bu ýurdy terk edip, bosgunlyga çykypdyr.

Bu hasabatda tutuş dünýädäki häzirki bosgunlardan her dördüsinden biriniň owganystanlydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG